Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2024” halkara nebitgaz forumy açyldy
04:40 24.10.2024 5972
23-nji oktýabrda Aşgabatda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2024» atly XXIX halkara sergi öz işine başlady. Bu forumy “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde gurady.
Açylyş dabarasyna Hökümet wekilleri, degişli edaralaryň ýolbaşçylary, diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň we öňdebaryjy nebit-gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Çäre milli tanslary we aýdymlary hödürleýän döredijilik toparlarynyň çykyşlary bilen başlandy.
Dabaranyň başynda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy. Döwlet Baştutany iberen Gutlagynda her ýyl geçirilýän bu forumyň ýurduň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary, özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, nebitgaz pudagyna täze tehnologiýalary ornaşdyrmagyň, önümçiligi döwrebaplaşdyrmagyň häzirki zaman usullary barada pikir alyşmaga ýardam berýändigini nygtaýar.
Sergi nebit-gaz, metallurgiýa, himiýa, inženerçilik we energetika pudaklarynda daşary ýurt kompaniýalary üçin özboluşly platforma bolup hyzmat edýär. Oňa gatnaşýanlar diňe bir önümlerini görkezmek bilen çäklenmän, Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynyň global energiýa ulgamyna goşulmagyna goşant goşýan hyzmatdaşlygy hem giňeldip bilerler.
Serginiň ekspozisiýalary pudagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar: gözleg we önümçilikden uglewodorodlary daşamak we saklamak, Hazar deňzindäki deňiz taslamalaryna we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmäge aýratyn üns berilýär.
Sergä esasy gatnaşyjylaryň arasynda Türkmenistanyň öňdebaryjy döwlet kompaniýalary we ýurduň ýangyç-energetika toplumynda işleýän onlarça hususy kärhanalar bar.
Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2024” atly halkara maslahaty başlandy. Bu ýerde energiýa bazarlaryny ösdürmegiň global tendensiýalary, hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri we täze ýataklary özleşdirmek üçin daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylýar.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.