Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň komissary bilen hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy
11:10 05.10.2024 5289
Türkmenistan Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk etmäge uly ähmiýet berýär diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa komissary hanym Ýutta Urpilaýnen bilen duşuşygynda aýtdy. Muny TDH ýetirýär.
Serdar Berdimuhamedowyň bellemegine görä, soňky ýyllarda ýurdumyz bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda ýokary derejedäki hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürilýär. Şunda uzak möhletleýin gatnaşyklaryň ikitaraplaýyn we «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» formaty ýaly köptaraplaýyn görnüşde yzygiderli ilerledilýändigi aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda ylym-bilim, ekologiýa, energetika, üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek babatda Ýewropa Bileleşigi bilen birnäçe taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Söhbetdeşler täze üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek meselelerine degip geçip, Türkmenistanyň amatly geografik ýerleşişini göz öňünde tutup, bu ulgamy kämilleşdirmegiň häzirki zamanyň wajyp meseleleriniň biri bolup durýandygyny tassykladylar. Aziýa bilen Ýewropanyň arasyndaky ygtybarly ulag köprüsi hökmünde Türkmenistanyň ornuny aýratyn nygtap, Ýutta Urpilaýnen Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ulag ulgamynda köptaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmekde ýurdumyzyň işjeň hereketlerine ýokary baha berdi.
Mälim bolşy ýaly, ekologik taýdan amatly, howpsuz, netijeli we ygtybarly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi durnukly ykdysady hem durmuş ösüşini goldamakda zerurdyr, halkara hyzmatdaşlygy, ýurtlaryň arasynda söwda gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm ähmiýete eýedir diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy. Häzirki döwürde ýurdumyzda Ýewraziýa giňişliginde ulag gatnawlaryny ösdürmek boýunça iri taslamalaryň birnäçesi tapgyrlaýyn amala aşyrylýar.
Sebitiň ýurtlary hem-de abraýly halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistan Demirgazyk — Günorta we Gündogar — Günbatar ýaly geljegi uly ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutany bu geçelgeleriň Ýewraziýa yklymynyň ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde ygtybarly köpri boljakdygyna ynam bildirdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.