Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
12:56 04.12.2020 7700
Sişenbe güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek baradaky meselelere bagyşlanan iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda wise-premýer G.Müşşikow ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, hususan-da, nebitgaz toplumynyň edaralarynyň daşary ýurt kompaniýalary bilen harytlary satyn almak, işleri we dürli hyzmatlary ýerine ýetirmek barada baglaşylan şertnamalar boýunça işleriň häzirki ýagdaýy barada hasabat berdi.
“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy G.Baýgeldiýew uglewodorodlaryň çykarylyşyny artdyrmak, olary gaýtadan işlemek, tebigy gazyň eksportyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler hasabat berdiler.
Döwlet ministri — “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy B.Amanow “Galkynyş” gaz känini özleşdirmek hem-de tebigy gazyň hem-de gaz kondensatynyň alnyşynyň mukdaryny artdyrmak boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bilelikde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Ahal welaýatynda tebigy gazdan ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa benzini öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny gurmak işleri amala aşyrylýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça zerur işler ýerine ýetirilýär. Gaz geçirijiniň türkmen böleginde turbalary kebşirlemek işleri ýerine ýetirildi, zerur enjamlary gurnamak işleri alnyp barylýar.
Gyýanlydaky polimer zawodynda öndürilýän polietilen önümleriniň özüne düşýän gymmatyny peseltmek, satyn alynýan önümleriň importyny azaltmak üçin zawodyň çäginde izobutan öndürýän desganyň taslamasyny düzmek we ony taýýar edip gurmak boýunça halkara bäsleşik yglan edildi.
«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Hazar deňziniň ýalpaklygynda we kenar ýakasynda geçirilýän gözleg-barlag işleri, Hazaryň türkmen böleginde täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýadarlary çekmek boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.
Şunuň bilen bir hatarda, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen Goturdepe meýdançasynda alnyp barylýan bilelikdäki işler, şeýle hem Demirgazyk Goturdepe käninde maýa goýumlary çekmek arkaly täze guýularyň onlarçasyny burawlamak hem-de ulanyşa girizmek boýunça geçirilýän işler barada hasabat berildi.
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy M.Rozyýew nebitgaz toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny ornaşdyrmak, meýdan geofiziki barlaglary we düýpli barlag-gözleg buraw işlerini geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Täze ýüze çykarylan Demirgazyk Goturdepe, Çeleken uglewodorod meýdançalarynyň önümli gatlakdan aşaky gurluşlaryny özleşdirmek boýunça çäreler durmuşa geçirilýär.
Iş maslahaty Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň baş direktory D.Çişiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. TNGIZT-niň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza nebitgaz senagatyny ösdürmek baradaky maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer M.Meredow nebitgaz toplumyny ösdürmek, ýangyç-energetika toplumyna ylmyň soňky gazananlaryny, häzirki zaman öňdebaryjy tehnologiýalaryny we halkara tejribäni ornaşdyrmak, daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, tebigy gazyň, nebitiň gazylyp alnyşynyň, olaryň gaýtadan işlenmegi netijesinde alynýan önümleriň öndürilişiniň mukdaryny artdyrmak barada döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumyny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn döwrebaplaşdyrmagyň, ony köpugurly esasda ösdürmegiň we döwrüň talabyna laýyk getirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz daşary ýurt maýalaryny çekmek, dünýäniň ösen tejribesini we häzirki zaman tehnologiýalaryny ulanmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet tarapyndan pudaga uly möçberde maýa goýumlarynyň goýlandygyny göz öňünde tutup, kärhanalaryň öndürijiligini we girdejilerini artdyrmagy üpjün etmegi öňde durýan wajyp wezipeleriň hatarynda kesgitledi.
Hormatly Prezidentimiz çykdajylaryň düzümini seljermek we önümiň özüne düşýän gymmatyny peseltmek boýunça usulyýeti ornaşdyrmak hem-de kämilleşdirmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagyň döwrüň möhüm talabydygyna ünsi çekip, degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany Merkezi bankyň ýolbaşçysy M.Annadurdyýewe ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň tehniki tükelleýiş işlerini geçirmegi tabşyrdy. Munuň özi toplumyň kärhanalarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň üpjünçiligini has-da döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Baş prokuror B.Atdaýewe ýangyç-energetika toplumynyň düzümleriniň maliýe-ykdysady görkezijilerine seljerme geçirmek tabşyryldy.
Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigini nygtadylar
3-nji aprelde “Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we Saud Arabystanynyň döwlet ministri ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň uly mümkinçiliklerini bellediler
2-nji aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygynyň döwlet ministri, Ministrler Kabinetiniň agzasy Emir Turki bin Mohammed Al Saudy kabul etdi diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Geňeşiniň Başlygy bilen duşuşygynda sebit hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
3-nji aprelde «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammite gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynda iş saparynda bolýan Prezident Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Antonio Koşta bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.