Ählumumy gaz merkezi türkmen gazynyň Merkezi Aziýada we Ýewropada ilerledilmegine ýardam etmäge taýýar
12:55 05.12.2020 8967
Türkmenistan tebigy gory hem-de halkynyň bähbidine bolşy ýaly, Ýer ýüzüniň halklarynyň bähbidine durmuşa geçirýän taslamalary bilen sebitde möhüm orny eýeleýär. Bu barada Ählumumy gaz merkeziniň ýerine ýetiriji direktory Waleri Dýukro sişenbe güni Aşgabatda geçirilen “Energetika ulgamyndaky durnukly hyzmatdaşlyk ählumumy ösüşiň möhüm şertidir” atly halkara onlaýn maslahatynda eden çykyşynda belledi.
«Men uly höwes bilen hyzmatdaşlyk ederin, şol sanda türkmen gazyny Merkezi Aziýada we Ýewropada ilerletmekde hyzmatdaşlyga taýyn» diýip Waleri Dýukro Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň ýolbaşçylygyny ynandyrdy.
Gaz sarp edijileriň her biri üçin elýeterli bolmalydyr, ol daşky gurşawy goramak we ýurtlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin zerurdyr, diýip Dýukro belledi. Ol gaz bazaryna gatnaşyjylaryň ählisini syýasy çekişmelerden el çekip, pesuglerodly energetika geçmekligi kabul etmäge çagyrdy.
Tebigy gaz ätiýaçlyklarynyň gory boýunça dünýäde 4-nji orny eýeleýän Türkmenistan köpugurly turba geçiriji ulgamyny döretmek bilen onuň eksportynyň infrastrukturasyny ösdürýär. Geljekde bolsa, iri möçberli taslamalar ýurda Gündogar bilen Günbataryň arasynda iri energetika köprüsi bolmaga ýardam eder, diýip Waleri Dýukro nygtady.
Onuň pikirine görä, häzirki wagtda COVID-19 pandemiýasynyň dünýäni agyr çökgünlige getirendigine garamazdan, ykdysady işjeňligiň durgunlygy täze gymmatbahaly taslamalara bolan gyzyklanmalary peseldip biler, gaz üçin uly mümkinçilikler bar. Çünki bu ugurdaky tehnologiýalar oňat ösen, harydyň özi bolsa, elýeterli.
Hut tebigy gaz energetika geçiş we ykdysady taýdan dikelmek üçin dünýäniň ätiýaçlyk energiýasy bolup durýar, diýip ÄGM-niň ýerine ýetiriji direktory belledi.
Belläp geçmeli zatlaryň biri, Ählumumy gaz merkezi (GGC, edara binasy Ženewda) — bu kommersiýa däl edara bolup, gaz kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryna we bilermenlerine niýetlenen guramadyr. Onuň maksady — durnukly energetikany ösdürmek, onda esasy ähmiýet tebigy gaz bilen bagly meselelere berilýär.
GGC Dünýäniň energetika geňeşi bilen ýakynda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny saklaýar, bu bolsa onuň agzalaryna möhüm barlaglara we çärelere bolan elýeterliligi açýar. Mundan başga-da, GGC energiýanyň netijeli we arassa çeşmesi hökmünde gazy ilerletmekde BMG-niň platformalaryny mümkin boldugyndan netijeli ulanmak maksady bilen ÝUNKTAD bilen Ähtnama gol çekdi.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.