Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri sadaka gatnaşdylar
14:27 26.09.2024 6844
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň üstünlikli geçmegi mynasybetli Türkmenbaşynyň ruhy metjidinde sadaka berildi diýip, TDH habar berýär.
Ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Prezident Serdar Berdimuhamedow metjidiň ýanyndaky kümmetde ýadygärlige gül dessesini goýdular.
Soňra Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory, ýurdumyzyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, Aşgabatda işleýän daşary ýurtlaryň we halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary ýadygärlige gül desselerini goýdular.
Türkmenistanyň müftüsi öten-geçenleri, Türkmenistanyň ilkinji Prezidenti Saparmyrat Nyýazowy hatyralap aýat-doga okady.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow kümmetiň aşaky gatyna düşdüler. Bu ýerde müfti Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hem-de onuň ýakynlaryny hatyralap aýat-doga okap, ýagşy dilegleri etdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri we döwlet Baştutanymyz kümmetden çykyp, Türkmenbaşynyň ruhy metjidine bardylar. Gahryman Arkadagymyz we Arkadagly Gahryman Serdarymyz ýolugruna abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri geçirilen metjidiň binagärlik aýratynlyklaryny we onuň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylyşyny synladylar.
Birbada 10 müň adamyň namaza durmagyna niýetlenen metjidiň abatlaýyş-abadanlaşdyryş işleri Arkadagly hajy Serdarymyzyň tagallalary bilen amala aşyryldy. Munuň özi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Metjidiň daşky görnüşinde bolşy ýaly, onuň içki timarlaýyş işlerinde-de gymmat bahaly gurluşyk we bezeg serişdeleri peýdalanylypdyr.
Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow we Serdar Berdimuhamedow ähli öten-geçenlerimizi ýatlap berilýän sadaka gatnaşdylar.
Sadaka gatnaşýanlara nahar çekilip, türkmen milli naharlaryndan datly tagamlar hödürlenildi. Duz-tagam dadylandan soňra, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň müftüsiniň aýat-töwir edip bermegini sorady.
Türkmenistanyň müftüsi aýat-töwir edip, ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly hajy Serdarymyzyň baştutanlygynda mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyny, beýik Garaşsyzlygymyzyň binýadynyň geljekde has-da pugtalanmagyny, Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen asylly işleriň rowaçlyklara beslenmegini Beýik Biribardan dileg etdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.