Ýangyç-energetika toplumynyň kärhanalary Türkmenistanyň ykdysady gazananlarynyň sergisine gatnaşýar
09:03 21.09.2024 4547
19-njy sentýabrda Aşgabatda Garagum” myhmanhanasynyň arkasynda gurnalan sergi meýdançasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi öz işine başlady.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň foruma gatnaşyjylara iberen Gutlagynda nygtalyşy ýaly, bu giň gerimli sergi Garaşsyzlygyň aýdyň ýolunda ykdysadyýetimiziň gazanýan uly üstünlikleriniň özboluşly görkezijisine öwrülip, ata Watanymyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini giňden ýaýmakda möhüm orny eýelär. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini durnukly ösdürmek, bazar özgertmelerini ilerletmek hem-de ilatyň durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak biziň döwlet syýasatymyzyň baş maksadydyr.
Sergi meýdançasynda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmak we diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri, döwlet maksatnamalarynyň, innowasion taslamalaryň çäklerinde üstünlikli amala aşyrylýan çäreleri giňişleýin şöhlelendirýän pudaklaýyn diwarlyklar ýerleşdirilipdir.
Döredijilik toparlary, bagşy-sazandalar sergä gatnaşyjylary we myhmanlary berkarar Watanymyzy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlar bilen mübäreklediler. Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Mejlisiň Başlygy, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik birleşikleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.
«Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň diwarlyklarynda kartalaryň, şekilli görnüşleriň üsti bilen milli ykdysadyýetimiziň binýatlaýyn pudaklarynyň okgunly ösüşi beýan edilýär. Şolaryň hatarynda ýokary depginde ösdürilýän düzümleri, nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen, häzirki wagtda özleşdirilýän känlerini, daşary ýurtlara mawy ýangyjy ibermegiň häzirki hereket edýän ugurlaryny hem-de geljekki ýollaryny, beýleki ýerasty baýlyklaryň känlerini, ýurdumyzyň tutuş çägi boýunça çekilen müňlerçe kilometrlik elektrik geçiriji ulgamlary görkezmek bolar.
Türkmenistanda tebigy serişdeler özleşdirilende, olar rejeli ulanylýar, daşky gurşawy goramak babatda yzygiderli alada edilýär, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygy bilen bagly meseleler boýunça wajyp halkara başlangyçlar öňe sürülýär. Ekologik kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn ähmiýet berilýän senagat desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Ýurdumyzdaky durnukly ykdysady-syýasy ýagdaý, degişli kanunçylyk binýadynyň bolmagy daşary ýurtly maýadarlar üçin Türkmenistanyň özüne çekijiliginiň artmagynyň esasy şertleridir. Dünýäde iri “Galkynyş” gaz käni häzirki wagtda anyk taslamalar bilen baglylykda, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek maksady bilen, hususan-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini tebigy gaz bilen üpjün etmek üçin özleşdirilýär.
Şu ýylyň 11-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasynyň düýbüni tutmak, TOPH taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm tapgyr bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, optiki-süýümli aragatnaşyk geçirijisiniň gurluşyk işlerine badalga berildi. Bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady ösüşine hem oňyn täsir eder.
Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň sergisi 21-nji sentýabrda öz işini tamamlar.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.