Türkmenistanyň Prezidenti YÖB-niň ýolbaşçysy bilen energetika, ulag we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy

09:04 21.09.2024 6181

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11963/original-166ed3c08622d6.jpg

19-njy sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Yslam ösüş bankynyň (YÖB) ýolbaşçysy Muhammad Al Jasser bilen duşuşygynda saglygy goraýyş, energetika, ulag we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdy diýip, TDH habar berýär.

Myhman YÖB-niň Türkmenistan bilen köpýyllyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistanda durmuşa geçirilýän ykdysady ösüş strategiýasynda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek, hususan-da, abraýly maliýe guramalary we bank düzümleri bilen gatnaşyklary ösdürmek möhüm orny eýeleýär. YÖB bilen hyzmatdaşlyk bolsa netijeli, uzak möhletli häsiýete eýedir. Şu ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň Yslam ösüş bankynyň agzasy bolmagyna 30 ýyl dolýar. Geçen döwürde bu bank ýurdumyzda 20-den gowrak taslamany maliýeleşdirmäge gatnaşdy we olar döwletimiziň durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üçin uly ähmiýete eýe boldy. Olar, hususan-da, saglygy goraýyş, bilim, ulag, aragatnaşyk, energetika ýaly ugurlary öz içine alýar.

Döwlet Baştutany bu baradaky gürrüňi dowam edip, halkyň saglygyny berkitmegiň, ömür dowamlylygyny uzaltmagyň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini nygtady. Saglygy goraýyş ulgamynda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Şunda lukmançylyk merkezlerini, hassahanalary, şypahanalary gurmak taslamalaryny amala aşyrmakda YÖB-niň orny bellenildi. Bu ulgamda Yslam ösüş banky bilen maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin oňat mümkinçilikler bar.

Pikir alyşmalaryň barşynda energetika ulgamynda özara gatnaşyklaryň geljegine üns çekildi. Baý tebigy serişdelere eýe bolan Türkmenistan diwersifikasiýalaşdyrmak arkaly bu ulgamy ösdürmäge ygrarlydyr. Şunuň bilen baglylykda, nebitgaz pudagynda tagallalary birleşdirmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy. Bu möhüm ugurda taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi diňe bir sebitde däl, eýsem, bütin dünýäde hem ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berer. Türkmenistanda energiýanyň arassa, daşky gurşawa zyýansyz bolmagy ugrunda maksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Munuň özi ýurdumyzda amala aşyrylýan durnukly energetika taslamalaryna ýa-da täze başlangyçlara YÖB-niň gatnaşmagy üçin uly mümkinçilikleri şertlendirýär.

Ulag ulgamy-da geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi. Şunda Türkmenistanyň geografik taýdan amatly çäkde ýerleşmegi ulag-logistika pudagyny ösdürmek babatda berk binýat bolup hyzmat edýär. Şu babatda ulagyň dürli görnüşleriniň arabaglanyşygynyň döredilmegi uly ähmiýete eýedir.

Şu nukdaýnazardan, köpugurly we sebit ähmiýetli Demirgazyk — Günorta, Gündogar — Günbatar halkara ulag geçelgelerini ösdürmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Hazarüsti halkara gatnawlary işjeňleşdirmek üçin amatly şertleriň bardygy, bu ugurda Ýewropa, Aziýa sebitlerini birleşdirýän Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň geçirijiligini artdyrmak mümkinçiliginiň uludygy bellenildi. Türkmenistan öz tarapyndan üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalara gatnaşmak babatda Yslam ösüş bankynyň anyk tekliplerine seretmäge taýýardyr.

YÖB bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde internet we telekommunikasiýa ulgamlaryny ösdürmek barada-da aýdyldy. Mundan başga-da, bu maliýe düzümi bilen Türkmenistanyň banklarynyň, hususy pudagynyň arasynda täze, has netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmekde maliýe-karz, maslahat beriş hyzmatlaryny işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy aýdyldy.

Başga makalalar
165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.