Şaşka boýunça bäsleşigiň netijeleri yglan edildi
18:35 18.09.2024 5891
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň milli şaşka merkeziniň, «Nebit-gaz» gazetiniň we «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalarynyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň 33 ýyllygyna hem-de «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlap, bilelikde yglan eden sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşiginiň netijeleri yglan edildi.
Bäsleşik şu ýylyň 1-nji fewralyndan 5-nji sentýabr aralygynda geçirilip, onuň dowam edýän döwründe gazetiň sanlarynda okyjylara Bütindünýä Intellektual oýunlarynyň ýeňijisi, Türkmenistanyň milli şaşka merkeziniň agzasy, Balkan welaýatynyň ýöriteleşdirilen şaşka sport mekdebiniň tälimçi mugallymy Maksat Durdyýew tarapyndan taýýarlanylan şaşka meseleleri hödürlenildi. Şaşka meseleleriniň çözgütlerine baha bermek, ýeňijileri kesgitlemek Türkmenistanyň milli şaşka merkeziniň, «Nebit-gaz» gazetiniň, «Ussatnews» elektron gazetiniň redaksiýalarynyň wekillerinden düzülen eminler topary tarapyndan gelnen netijä laýyklykda amala aşyryldy. Ýokary guramaçylyk ýagdaýynda geçirilen bäsleşige gatnaşyjylaryň sany garaşylyşyndan hem artyk boldy. Intellektual oýun ýurdumyzyň dürli pudaklarynda, bilim-ylym edaralarynda zähmet çekýän, okaýan mugallymlarydyr talyp ýaşlary, okuwçylary bir ýere jemledi.
Bäsleşikde hödürlenen meseleler ýeňil bolman, gatnaşyjylaryň ýeňşe bolan höweslerini has-da artdyrdy. Gatnaşyjylary höweslendirmek maksady bilen, bäsleşigi guraýjylar bäş sany ýeňijini saýlap alkdylar.
Netijede, şaşka boýunça geçirilen bäsleşikde Türkmenistanyň döwlet energetika institutynyň 4-nji ýyl talyby Şamuhammet Agaýew birinji orna, Maýa Kulyýewa adyndaky TMK-nyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky TDÝSM-niň mugallymy Arslanbek Atarow ikinji orna, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmenýöritenebitgazgurnama» ýöriteleşdirilen gurnama trestiniň 1-nji ýöriteleşdirilen gurnama edarasynyň kebşirleýjisi Berdimyrat Hojamberdiýew üçünji orna, Aşgabat şäherindäki 147-nji orta mekdebiň 8-nji synp okuwçysy Rüstem Atarow dördünji orna we Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Balkanabat bölüminiň 5-nji ýyl talyby Kadyr Peşliýew bäşinji orna mynasyp boldy.
Dabaranyň dowamynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň Medeni-işewürlik merkeziniň aýdymçylary – Türkmenistanyň halk artisti Annagül Gurdowa, Maksat Tuwakow, Ahmet Orazgulyýew ajaýyp aýdymlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň döredijilik toparlarynyň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Balkan welaýat birleşmesi hem-de «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.