Türkmenistanyň Prezidenti german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
12:44 17.09.2024 5537
Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýan Prezident Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Federal ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy.
Bellenilişi ýaly, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanma köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly şertler bilen şertlendirilendir.
Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň birnäçe kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny we resmi wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigini şu günki duşuşyga köp sanly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşýandygy hem tassyklaýar.
Hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde birnäçe ileri tutulýan ugurlar görkezildi. Bular, ilkinji nobatda, gaýtadan dikeldilýän energiýa, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalygy, «ýaşyl ykdysadyýete» geçiş, innowasiýa we tehnologiýa ugurlarydyr.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.