Hökümet mejlisinde “Türkmengeologiýa” DK-ny täze tehnika bilen üpjün etmek meseleleri maslahatlaşyldy
09:26 15.09.2024 7134
13-nji sentýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi diýip, TDH habar berýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow ýurdumyzda uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmak we özleşdirmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň sanly ulgam arkaly dolandyrylýan we dürli şertlerde işlemäge mümkinçiligi bolan 3D geofiziki enjamlar toplumy bilen üpjün edilmegi türkmen geologlaryna uglewodorod serişdelerine baý meýdançalary ýüze çykarmaga, anyk maglumatlary almaga mümkinçilik berer.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýerasty baýlyklary ýüze çykarmak, uglewodorod çig mal binýadyny artdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmegiň, pudagyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek hem-de zerur bolan enjamlar bilen üpjün etmek babatda çäreleri dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady.
Döwlet Baştutany «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna 3D geofiziki enjamlar toplumyny ornaşdyrmak baradaky teklibini goldap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.