TIF 2024 maýa goýum forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk hakynda 18 sany resminama gol çekildi
11:31 13.09.2024 6297
10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilen TIF 2024 maýa goýum forumynyň işiniň netijeleri boýunça türkmen döwlet, hususy kärhanalary hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda 18 sany ylalaşyklara we hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu barada News Central Asia (nCa) elektron neşiri habar berýär.
Resminamalar pudaklaryň giň toplumyny, şol sanda energetika, himiýa senagatyny, gämi gurluşygyny, demir ýol enjamlaryny, ekologiýany we logistikany öz içine alýar.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda – dizel ýangyjyny we suwuklandyrylan gazy satyn almak-satmak hakynda “Türkmennebit” döwlet konserni bilen Owganystanyň hem-de Özbegistanyň kompaniýalarynyň arasynda Ylalaşyk; Mary welaýatynda “Şatlyk-1” gaz gysyjy desgasyny gurmak, enjamlaşdyrmak we ulanyşa girizmek hakynda Calik Energy (Türkiýe) kompaniýasy bilen “Türkmengaz” döwlet konserniniň arasynda Ylalaşyk; Gaz pudagynda hyzmatdaşlygy berkitmek maksady bilen “Türkmengaz” döwlet konserni bilen Gazagystanyň Energetika ministrliginiň arasynda Ähtnama bar.
Mundan başga-da, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni Türkmenistanyň himiýa senagatyny ösdürmek maksady bilen Hytaýdan, Türkiýeden, Ýaponiýadan birnäçe kompaniýalar bilen hyzmatdaşlyk hakynda birnäçe Ähtnamalara gol çekdi.
TIF 2024 maýa goýum forumy iki günüň dowamynda 1150-den gowrak gatnaşyjyny ýygnady. Forumyň çäklerinde döwlet, hususy kärhanalaryň wekilleriniň daşary ýurt wekilleri bilen 80-den gowrak duşuşyklary geçirildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.