Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurt kompaniýalaryny ykdysadyýetiň öňdebaryjy pudaklarynda iri taslamalary durmuşa geçirmäge çagyrdy
08:43 11.09.2024 7609
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow daşary ýurt kompaniýalaryny ykdysadyýetimiziň nebitgaz, himiýa, energetika, ulag-aragatnaşyk, oba hojalyk pudaklarynda durmuşa geçirilýän taslamalara gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada döwlet Baştutany 10-11-nji sentýabrda Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň maýa goýum forumyna gatnaşyjylara sanly ulgam arkaly ýüzlenmesinde belledi.
“Durnukly ykdysady ösüşi gazanmak biziň baş maksadymyz bolup durýar. Şoňa görä-de, ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny gurşap alýan maksatnamalarymyzy üstünlikli amala aşyrýarys” – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti belledi.
Döwlet Baştutany Türkmenistanda eýýäm birnäçe iri maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilendigini belledi. Şolaryň arasynda Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini, Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawody, Balkan welaýatynda polietilen we polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumyny hem-de «Garabogazkarbamid» zawodyny görkezmek bolar.
Serdar Berdimuhamedow çarşenbe güni Türkmenistanyň öz maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan uly möçberli taslamanyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralarynyň geçiriljekdigini aýtdy.
“Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýokary tehnologiýalara esaslanýan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen giň gerimli maýa goýum taslamalarymyz bar” – diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Döwlet Baştutany ykdysadyýetimize iri möçberli maýa goýumlary çekmekde, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmekde bu çäreleriň uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýandygyny aýtdy.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.