Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) öz işine başlady
10:13 10.09.2024 8034
10-njy sentýabrda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhasynda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) öz işine başlady. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda geçirilýän giň möçberli forumda ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar diýip, TDH habar berýär.
Halkara çäresiniň resmi açylyş dabarasynda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly gutlag sözi bilen ýüzlendi.
Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitgaz, energetika, gurluşyk, ulag-kommunikasiýa kompaniýalarynyň, halkara guramalaryň, maliýe düzümleriň we ylmy merkezleriň wekilleri hem-de ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Ýurdumyzda guralýan iri halkara maslahatyna türkmen tarapyndan ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, banklaryň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.
Soňra ösüşleriň belentliklerine tarap ynamly gadam urýan ýurdumyzyň täze taryhynyň möhüm wakasy bolan halkara maýa goýum forumyna we bu ugur boýunça geçirilýän maslahata gatnaşyjylar kaşaň binanyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli sergi bilen tanyşdylar.
Forumyň maksatnamasy BMG-niň ýöriteleşdirilen düzümleriniň wekilleriniň hem-de S&P Global Commodity Insights-yň bilermenleriniň ugurdaş tematiki sessiýalaryny, şeýle hem Bütindünýä söwda guramasynyň we halkara institutlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stollary öz içine alýar.
Forumyň umumy mejlisiniň temasy – “Türkmenistanyň ykdysady ösüşi we maýa goýum mümkinçilikleri”. Çykyş edýänleriň hatarynda – BMG-niň, Bütindünýä bankynyň, German ykdysadyýetiniň gündogar komitetiniň, Petronas-yň, Nippon Export and Investment Insurance-yň we beýlekileriň wekilleri bar.
Maýa goýum forumy 11-nji sentýabrda tamamlanar.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.