Nebitçileriň arasynda bäsleşik geçirildi
04:10 10.09.2024 3794
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Burnebitgazhyzmat» müdirliginiň tehniki wagyz ediş we durmuş maksatly hyzmatlar merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Balkanabat şäher Geňeşiniň we «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramagynda sportuň şaşka görnüşi boýunça bäsleşik geçirildi.
Çekeleşikli geçen bäsleşigiň jeminde «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Abatlaýyş-mehaniki zawodynyň tehniki-önümçilik bölüminiň inžener-tehnology Kemal Aýjanow I orna, «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň Awtoulag we ýöriteleşdirilen tehnikalar müdirliginiň mehaniki abatlaýyş bölüminiň slesar-abatlaýjysy Sapargeldi Täçberdiýew II orna we Maddy-enjamlaýyn serişdeler we üpjünleýiş müdirliginiň hukuk, talap we gümrük işleri boýunça bölüminiň deklaranty Leýli Gubanowa III orna mynasyp boldy.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.