Täze guýy önüm berdi
14:33 06.09.2024 4142
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň baýlyk gözleýjileriniň Täçmyradow meýdançasynda burawlan guýusyndan tebigy gazyň senagat akymy alyndy. Munuň özi ekspedisiýanyň agzybir hünärmenleriniň ýetip gelýän beýik baýrama — Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygyna ajaýyp toý sowgady boldy.
— Öňki ýyllarda geçirilen deslapky barlaglaryň netijelerine laýyklykda, Çärjew etrabynyň çäginde, Malaý gaz känine golaý ýerde ýerleşýän bu meýdançada tebigy gazyň uly gorlarynyň bardygy çaklanylýardy. Bu ýerde gözleg guýusyny burawlamak işi tejribeli buraw ussalary Işanguly Mämmetgulyýew bilen Döwlet Babagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň agzalaryna ynanyldy. Olar tarapyndan şu döwre çenli 2 müň 500 metr çuňluk burawlandy we önümli gatlaga ýetildi. Täze guýynyň önüm berijiligi her gije-gündizde kükürtsiz tebigy gazyň 389 müň kub metrine barabardyr. Geljekde bu meýdançada gözleg guýularyny burawlamak işleri dowam etdiriler — diýip, ekspedisiýanyň geologiýa bölüminiň başlygy Batyr Akmyradow ynam bilen aýdýar.
Gazanylan uly üstünlikde toparlaryň agzalarynyň her biriniň mynasyp zähmet paýy bar. Olaryň arasynda tejribeli burawlaýjylar Anwar Çaryýew, Merdan Hemraýew, burawlaýjynyň kömekçileri Ylýas Bekiýew, Seýitmyrat Mämedow, maşinist Çary Allakow, slesar Suwhanberdi Taňryberdiýew has tapawutlanyp zähmet çekdiler. Olaryň göreldesine kärdeşleri agzybirlik bilen eýerýärler. Netijede, il-ýurt bähbitli işler ilerleýär.
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orny eýeleýän nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmek, uglewodorod serişdeleriniň gorlarynyň üstüni ýetirmek we olaryň öndürilişini artdyrmak boýunça möhüm wezipeleri kesgitledi. Şoňa laýyklykda, ýerlerde anyk we maksatlaýyn işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Şu ýylyň başynda «Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna degişli kükürtsiz gaz känlerinde gözleg-barlag, ulanyş-baha beriş guýularyny burawlamak boýunça 2024-nji ýyl üçin iş meýilnamasy kabul edilipdi. Şanly ýylyň başyndan onuň çäginde degişli işlere giň gerim berildi.
Häzirki günlerde ýokarda ady agzalan meýilnama laýyklykda, Çartak, Kölýaka, Tebigy, Demirgazyk Köseşor, Hazarly meýdançalarynda hem burawlaýyş işleri alnyp barylýar. Bilelikde ýerine ýetirilýän işleriň mynasyp netijelerini berýändigi bolsa guwandyryjydyr. Oňa mysal hökmünde Çartak käninde taslama çuňlugy 2 müň 450 metre barabar bolan ulanyş-baha beriş guýusyndan tebigy gazyň senagat akymynyň alnandygyny görkezmek bolar. Nesip bolsa, şanly ýylyň aýagyna çenli täze burawlanan guýulardan tebigy gazyň senagat akymynyň alnandygy baradaky hoş habarlaryň sany ýene-de artar. Işanguly Mämmetgulyýewiň we Döwlet Babagulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparlarynyň agzybir agzalary bolsa Täçmyradow meýdançasynda ýene bir gözleg guýusyny burawlamaga girişdiler.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.