TDHÇMB-niň söwdalarynda suwuklandyrylan gaz, polietilen we dizel ýangyjy ýerlenildi
15:06 04.09.2024 5184
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Özbegistanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmengaz» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polietilen önümini, şeýle hem Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna BAE-niň, Türkiýäniň hem-de Gyrgyzystanyň telekeçilerine dokma önümleri, nah ýüplük we dokma önümçiliginiň galyndylaryndan dikeldilen süýüm ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 5 million 110 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 3 million 364 müň manatdan gowrak bolan polipropileni («Türkmennebit» döwlet konserni), şeýle hem float aýnasyny, el halylaryny we arassalanan nah galyndylaryny satyn aldylar.
1-nji martda Türkmenistan Eýranyň üsti bilen Türkiýä tebigy gazyny iberip başlar – Türkiýäniň ilçisi
2025-nji ýylyň 1-nji martyndan türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermek işleri başlanar. Ibermeler swap usuly arkaly Eýranyň üstünden amala aşyrylar. Bu barada Türkiýäniň Türkmenistandaky ilçisi Ahmet Demirok anna güni türkmen we daşary ýurt habar beriş serişdeleri üçin geçiren metbugat maslahatynda aýtdy.
Birža söwdalarynda Türkiýä we Owganystana awtobenzin hem-de dizel ýangyjy satyldy
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.
Garabogaz — ýurdumyzyň himiýa hazynasy
Şu gün zähmet rugsadynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň düýbüni tutmak dabarasy boldy. «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň şanly wakasy Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny amala aşyrmak babatda hem, täze taryhy döwürde ýurdumyzyň ykdysadyýetini ösdürmek babatynda hem örän ähmiýetlidir.
Türkmen paýtagtynda Halkara sergi we ylmy maslahat geçirildi
6-7-nji awgustda Aşgabatda «Türkmenistanyň gurluşygy, senagaty, energetikasy — 2022» atly halkara sergi we onuň çäklerinde «Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika pudaklarynyň ösüşi» atly maslahat geçirildi. Bu ähmiýetli çäreler ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary hem-de Söwda-senagat edarasy bilen bilelikde guraldy.
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we YHG-nyň Baş sekretary köpugurly hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
12-nji fewralda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Asad Majid Han bilen geçiren duşuşygynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.