Türkmenistan nebitgaz ulgamynda halkara hyzmatdaşlary bilen iri taslamalary durmuşa geçirýär
09:57 31.07.2024 10177
29-njy iýulda Türkmenistanyň nebitgaz pudagynyň ýolbaşçylarynyň ADNOC (Birleşen Arap Emirlikleri) we Hyundai Engineering Co. Ltd. (Koreýa Respublikasy) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen nobatdaky duşuşyklary geçirildi diýip, Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
ADNOC kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Abdulla Al Şamsiniň baştutanlygynda kompaniýanyň wekiliýeti bilen geçirilen gepleşikleriň dowamynda «Galkynyş» gaz käniniň üçünji tapgyryny özleşdirmegiň taslamasyny durmuşa geçirmek bilen bagly meseleleriň giň toplumy ara alyp maslahatlaşyldy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine 2022–2024-nji ýyllarda bolan saparlary döwründe nebit we gaz babatda iki ýurduň arasynda hyzmatdaşlyk etmegiň berk esaslary goýuldy.
Hususan-da, «Galkynyş» gaz käninde bilelikdäki işiň anyk ugurlaryny we ölçeglerini kesgitlän möhüm resminamalara gol çekildi. Häzirki döwürde gazanylan ikitaraplaýyn ylalaşyklary durmuşa geçirmek işjeň ýagdaýda alnyp barylýar. Taraplar «Galkynyş» känini özleşdirmegiň taslamasynyň hukuk, täjirçilik, maýa goýum, maliýe, tehniki we düzüm böleklerine jikme-jik seredýärler. Şeýle meýilnamalary durmuşa geçirmegiň «Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan» (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak bilen gönüden-göni baglydygyny bellemek zerurdyr.
Gepleşikleriň häzirki tapgyrynyň aýratynlyklarynyň biri ADNOC kompaniýasy tarapyndan Gazagystanyň nebitgaz kompaniýalary bilen bilelikde işlemäge taýýarlygyň beýan edilmegi boldy. Şonuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň Türkmenistanyň iri möçberli halkara gaz taslamalaryny amala aşyrmaga goňşy döwletleriň ykdysady düzümleriniň gatnaşmagyny goldaýandygyny birnäçe gezek beýan edendigine üns bermek zerurdyr.
Häzirki döwürde bolsa, «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary «Hyundai Engineering Co. Ltd.» günorta koreýa kompaniýasynyň uly wise-prezidenti jenap Jung Song Ýonguň baştutanlygyndaky wekiliýeti bilen geňeşmeleriň nobatdaky tapgyryny geçirdiler. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar «Galkynyş» käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmek boýunça işleriň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Şol gün «Türkmengaz» döwlet konserniniň ýolbaşçylary Günorta Koreýanyň Hyundai Engineering Co. Ltd. kompaniýasynyň prezidenti jenap Jung Song Ýongomyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen nobatdaky gezek geňeşmeleri geçirdi. Duşuşykda taraplar häzirki gatnaşyklar we geljekde «Galkynyş» gaz käniniň 4-nji tapgyryny özleşdirmek barada özara pikir alyşdylar.
Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini bellemek bilen, wekiliýetler ýokarda agzalan taslamanyň ähmiýetine ünsi çekdiler, şunda hukuk taýdan üpjünçilik we işiň guramaçylyk meseleleri wajyp orunda durýar.
Şeýle hem, 2023–2024-nji ýyllarda özara bähbitli döwlet derejesindäki saparlarda gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmegiň zerurlygy nygtaldy. Taraplar ozal ylalaşylan meýilnamalara laýyklykda, yzygiderli duşuşyklary dowam etmegi şertleşdiler.
Birža söwdalarynda dizel ýangyjynyň dürli görnüşleri uly islegden peýdalandy
Duşenbe güni, 5-nji sentýabrda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda umumy bahasy 16,9 mln dollara barabar bolan 5 sany geleşik baglaşyldy diýip, ORIENT agentligi habar berýär.
Türkmenistanyň Prezidenti we ÝTÖB-niň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler
3-nji aprelde Özbegistanda iş saparynda bolýan Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Samarkant şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki birinji sammitiň çäklerinde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň ýolbaşçysy hanym Odil Reno-Basso bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.
«Gazprom» Hytaýa gaz ibermeleriniň möçberini ardyrmaga we tölegi ýuanda ýa-da rublda geçmäge taýýarlanýar
Russiýanyň «Gazprom» kompaniýasy «uzakgündogar» ugry boýunça Hytaýa täze gaz geçirijini taslamalaşdyrmaga girişdi we CNPC bilen gazy satyn almak-satmak hakynda Şertnama goşmaça resminama gol çekdi. Ol özara hasaplaşyklary ýuanda ýa-da rublda geçmäge mümkinçilik berýär. Bu barada «Gazpromyň» resmi saýtynda habar berilýär.
«Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýerli işewürligi hyzmatdaşlyga çagyrýar
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen BAE-niň Abu-Dabi ösüş gaznasy bilen bilelikde dünýä tejribesine laýyklykda döredilen «Türkmen maýa goýum kompaniýasy» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti Türkmenistandan işewürleri hyzmatdaşlyga çagyrýar. Bu barada «Нейтральный Туркменистан» gazetinde habar berilýär.
Baku Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygyny goldar, emma onuň öňe sürüjisi bolmaz
Azerbaýjan eger-de Türkmenistanyň Hökümeti Hazarüsti gaz geçirijisiniň gurluşygy hakynda karar kabul etse, ony goldar, emma Baku taslamanyň öňe sürüjisi bolmaz diýip Prezident Ilham Aliýew belledi. Bu barada Interfaks habar berýär.