«Nebitçi» nebitçileriň hyzmatynda
04:15 23.07.2024 17639
Döwletiň berkararlygynyň binýadynyň pugtalygy, döwrebaplygy, ilkinji nobatda, onuň raýatlarynyň ýaşaýyş derejesine bagly bolup durýar. Ata Watanymyzyň her bir ýaşaýjysynyň sagdyn, şähdaçyk hem-de ruhubelent ýaşamagy, işlemegi we sapaly dynç almagy üçin döredilýän şertler, sözüň doly manysynda, dünýä nusgalykdyr. Bu babatda diňe bir Balkan welaýatynda amala aşyrylan hem-de täze badalga berlen işlere nazar salanyňda hem ruhuň täzelenip, kalbyňa röwşenlik nury çaýylýar.
Türkmen gudratynyň ýene bir jedelsiz güwäsine öwrülen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Balkan welaýatynyň çägindäki «Mollagara» we «Awaza» şypahanalaryny hem bu buýsançly hakykatyň sanawyna gypynç etmän goşsa bolar.
Ýurdumyzyň günbatar sebitiniň merkezi şäherinde 1989-njy ýylda gurlup işe girizilen «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitçi» şypahanasy hem bu gün nebitgaz ýataklaryny tapmak, buraw işlerini alyp barmak, ýer astyndaky uglewodorod çig mallaryny çykaryp, gaýtadan işlemek bilen meşgullanýan zähmet adamlaryna göreldeli hyzmaty ýola goýmagy başarýan şypahanalaryň biridir.
Bagy-bossanlyga bürenip oturan howludaky birbada 100 adamy kabul etmäge mümkinçiligi bolan bu bäş gatly ymarat daşky binagärlik gurluşynyň ajaýyplygy bilen birlikde, içki lukmançylyk otaglarynyň, ýatak jaýlarynyň, naharhananyň, dynç alyş zallarynyň we beýleki hojalyk düzümleriniň juda zynatlylygy, göwün göterijiligi, ýaraşykly mebeller bilen üpjünçiligi bilen-de tapawutlanyp, şypahana gelýänlere üýtgeşik ruhy lezzet paýlaýar.
2012-nji ýylda düýpli abatlanylyp, içki we daşky durkunyň doly döwrebaplaşdyrylmagy, iş otaglarynyň iň bir häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilmegi bu şypahanada saglygyny berkitmek, dynç almak isleýänleriň sanyny hasam artdyrdy. Iň esasy zat bolsa, bu ýerde nebitçilere, olaryň maşgala agzalaryna lukmançylyk hyzmatlary ýokary hil ülňülerine laýyk alnyp barylýar. Şypahananyň lukmanlary-da, şepagat uýalary hem öz işleriniň hakyky ussatlary. Olaryň süýji dilliligini, güler ýüzlüligini göreniňde, ata-babalarymyzyň «Dert ýeňlemez derman sözüň bolmasa» diýen paýhasly sözi ýadyňa düşýär. Bir başa gulluk edýän halkymyzyň jan saglygyny barça baýlykdan ileri tutýan hormatly Prezidentimize buýsanjyň artýar. Zerur lukmançylyk enjamlary bilen birkemsiz üpjün edilen fizioterapiýa, sirkulýar duş, duş şarko, bişofitli wanna, bejeriş-bedenterbiýe otaglary amala aşyrylýan bejergileriň netijeli bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär. Bu ýerde dynç alýanlara ginekolog, terapewt we diş lukmanlary hem ýokary hilli hyzmatlary ýola goýýarlar. Balkanabatdaky nebitçileriň medeniýet köşgüniň sungat ussatlarynyň aýdym-sazlar bilen bu ýerde ýygy-ýygy çykyş etmegi dynç alýanlara çäksiz ruhy lezzet paýlaýar. Sport meýdançasy, hammam, sauna şypahana gelýänleriň hyzmatynda. «Türkmennebit» döwlet konserniniň önümçilik düzümlerinden ýollanmalar bilen gelýänleri bu ýerde üç wagtyna iň bir ýokary derejede taýýarlanýan milli tagamlar bilen naharlaýarlar.
— Biziň şypahanamyzda saglygyny dikeldip, berkidip hem-de dynç alyp gidýän raýatlarymyzdan gelip gowuşýan minnetdarlyk hatlary az däl. Munuň özi lukmanlarymyzyň, şepagat uýalarymyzyň we gaýry işgärlerimiziň öz gündelik işlerine jogapkärçilikli çemeleşýändiklerine, hünär ussatlyklaryna güwä geçýär. Terapewt lukman Eneke Berdiýewa, şepagat uýasy Aýbibi Hallyýewa, owkalaýjy Ezizmämmet Täçmämmedow, hojalyk işleri boýunça orunbasar Muhammet Meredow dagy yhlasly zähmeti bilen kärdeşlerine görelde bolmagy başarýarlar — diýip, şypahananyň baş lukmany Süleýman Hallyýew buýsanç bilen aýdýar.
Hojaberdi BAÝRAMOW.
Goşa toýy sowgatly garşylaýarlar
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Döwletabat — Derýalyk» baş gaz geçirijisiniň ugrunda ýerleşýän gaz gysyjy önümçilik edaralarynyň işçi-hünärmenleri baky Bitaraplygymyzyň 27 ýyllyk şanly senesini hem-de 14-nji dekabrda ýurdumyzda uly dabara bilen bellenip geçiljek öz hünär baýramçylyklaryny mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylaýarlar.
Ýyladyş desgalarynyň kadaly işlemegi gazanylýar
«Daşoguzgazakdyryş» müdirliginiň «Gazawat» senagat meýdançasynyň energosuwüpjünçilik gullugynyň işçi-hünärmenleri häzirki gyş günlerinde müdirligiň merkezi dolandyryş edarasyna degişli desgalaryň ýyladyş ulgamlarynyň talabalaýyk işlemegini üpjün edýärler.
Täze binada, amatly şertlerde
Hormatly Prezidentimiz gurmak, döretmek ýaly röwşen ýoly uly ynam bilen ýöredýär. Şonuň netijesinde ata Watanymyz sözüň doly manysynda uly gurluşyk meýdançasyna öwrüldi. Biri-birinden owadan, işlemek, ýaşamak üçin amatly ymaratlar oba-şäherlerimize görk berýär. Şeýle binalaryň biri Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Kölaryk geňeşliginiň adybir obasynda peýda boldy.
Nebiti gaýtadan işleýjileriň ynamly gadamlary
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyza eýe bolan ilkinji ýyllarymyzdan başlap ägirt uly özgertmeleri başdan geçirýär.
Baýramçylygyň hormatyna
Döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň esasy pudagy bolan nebitgaz ulgamynyň edara-kärhanalarynyň zähmet adamlary ajaýyp üstünliklere beslenilýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda nebitgaz senagaty we geologiýa işgärleriniň gününi mynasyp sowgatlar bilen garşy aldylar. Şolaryň arasynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň Wekilbazar nebit önümleri kärhanasy hem bar.