Nebitgazçy türgenleriň üstünligi
04:15 23.07.2024 7732
2024-nji «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreş boýunça türgenleri, Türkmenistanyň erkin göreş boýunça ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Afis Weliýewiň taýýarlamagynda, iýul aýynyň 5 — 7-si aralygynda Gazagystan Respublikasynyň Aktau şäherinde birnäçe döwletiň gatnaşmagynda «Kaýrat Buhanow» ýadygärligine bagyşlanyp geçirilen erkin göreş boýunça ýaryşa gatnaşdylar.
Bu halkara ýaryşda «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň erkin göreşçileri ýokary derejede çykyş etdiler, ýagny türgenler Döwletgeldi Talypow 65 kilogram, Namil Guseýnow 92 kilogram agramda kümüş medallary, Wasiliý Okunew bolsa 92 kilogram agramda bürünç medaly gazanyp, ata Watanymyz Türkmenistan döwletimiziň ýaşyl baýdagyny al-asmanda parlatdylar. Mundan başga-da, «Türkmennebit» döwlet konserniniň TNGIZT-niň Medeni-sport toplumynyň kiçi futbol boýunça topary iýun aýynyň 20 — 25-i aralygynda Balkan welaýatynyň Hazar şäherçesinde futzal boýunça geçirilen ýaryşda tälimçi Aşyrmämmet Ödekowyň ýolbaşçylygynda üstünlikli çykyş edip, futzal boýunça Balkan welaýatynyň çempiony diýen ada eýe boldy.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.