Aşraf Gani Owganystany dikeltmekde sebit hyzmatdaşlygynyň möhümligini belläp geçdi
14:04 26.11.2020 7016
Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani Owganystan boýunça Maslahatyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça ýokary derejeli duşuşygyň çäginde eden çykyşynda Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüş meselesinde sebitleýin hyzmatdaşlygyň aýratyn orna eýedigini belledi, diýip ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Ol howpsuzlyk, şeýle-de inklýuziw ýol kartasynyň işlenilip düzülmeginiň meselelerine hem aýratyn üns berdi. Prezident iş ýüzünde utgaşykly özara hereketler arkaly ýol, ulag, kommunikasiýa we energetika infrastrukturasynyň dikeldilmeginiň derwaýys ähmiýetini belläp geçdi.
Hususan-da, OYR-nyň ýolbaşçysy Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan ösüş ýoluna düşmeginde berýän saldamly goşandy babatynda Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi. Aýratyn hem owgan halkynyň mynasyp ýaşaýyş şertleriniň üpjün edilmegine gönükdirilen Lapis-Lazuli ulag geçelgesiniň taslamasynyň durmuşa geçirilmeginde Türkmenistanyň berýän ýardamy aýratyn bellenilip geçildi.
Özüniň resmi çykyşynyň barşynda BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça missiýasynyň (UNAMA) başlygy Debora Laýons goňşy ýurtlaryň Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmegine berýän goldawlarynyň derwaýyslygyny nygtady. Ol bu işde infrastrukturanyň esasy düzüjileriň biri bolup durýandygyny belläp geçdi.
Laýons: «Owganystan we tutuş sebit häzirki wagtda durmuşa geçirilýän elektroenergetiki, energetiki we ulag taslamalarynyň köpsanly mümkinçiliklerinden oňyn peýda görüp bilerler», diýip aýratyn nygtady. TOPH gaz geçirijisiniň, elektrik toguny geçiriji we Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şeýle-de Lapis-Lazuli ulag geçelgesi aýratyn bellenilip geçildi.
Duşuşygyň barşynda şeýle-de Owganystanyň ykdysady ösüşine ýardam bermekde halkara maliýe institutlarynyň möhüm orny bellenildi, diýip Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.