ÝHHG-niň Aşgabatda geçirilen seminarynda metan zyňyndylaryny azaltmagy kadalaşdyrmak meseleleri maslahatlaşyldy

09:40 17.07.2024 6941

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11402/original-166975a0cde971.jpg

2024-nji ýylyň 16-njy iýulynda Aşgabatda ÝHHG-niň Merkezi tarapyndan gurnalan iki günlük seminara döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň,  Daşky gurşawy goramak ministrliginiň  we beýleki gyzyklanma bildirýän edaralaryň ýigrimi bäş wekili gatnaşdy we olar parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça hereket edýän kanunlar bilen tanyşdylar. 

Seminaryň barşynda halkara bilermenler degişli doktrinalara, taglymatlara we kanunlara salgylanyp, parnik gazlarynyň, şol sanda metanyň zyňyndylaryny kadalaşdyrmak ulgamynda milli kadalaşdyryjy hukuk binýadyny işläp taýýarlamak boýunça  öňdebaryjy tejribeler bilen paýlaşarlar. Parnik gazlarynyň zyňyndylary barada hasabatlary işläp düzmek babatynda  milli kadalaşdyryjy hukuk binýadyna aýratyn üns beriler.

ÝHHG-niň Aşgabat Merkeziniň ykdysady we daşky gurşaw bölüminiň başlygy Olivera Zurowak-Kuzmanyň bellemegine görä, howanyň üýtgemegi we daşky gurşaw howpsuzlygyny üpjün etmek bilen bagly gün tertibini durmuşa geçirmekde Türkmenistana goldaw bermeginiň çäklerinde ÝHHG parnik gazlarynyň we metanyň zyňyndylaryny azaltmak ulgamyndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.

Şu gün, seminaryň ikinji iş gününde parnik gazlary boýunça arzalaryň akkreditasiýanyň ylalaşylan jähtlerine laýyklygyna baha bermek işine jogapkär guramalaryň işini guramak, şeýle-de parnik gazlarynyň  zyňyndylaryny azaltmak boýunça höweslendiriji çäreler, şol sanda kwotalar we uglerod birlikleriniň dolanyşygy ýaly meselelere garalar. Seminara gatnaşyjylar metanyň zyňyndylaryny azaltmak boýunça borçnamalaryň çäginde alnyp barylan işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşarlar we parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hasaplamak boýunça amaly sapaga gatnaşarlar – diýip, ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi metbugat habarnamasynda habar berýär. 

Başga makalalar
165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.