Türkmenistan bilen Owganystanyň hyzmatdaşlygy iri taslamalara esaslanýar — wise-premýer
14:00 26.11.2020 6947
23-nji noýabrda Ženewada Owganystan Yslam Respublikasynyň we Finlýandiýa Respublikasynyň Hökümetleriniň başlyklyk etmeklerinde Birleşen Milletler Guramasy bilen bilelikde geçirilýän Owganystan boýunça ýokary derejeli iki günlük maslahat öz işine başlady. Ol onlaýn görnüşinde geçirilýär. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.
Bu maslahat dünýäniň 100-den gowrak ýurtlaryndan we halkara guramalaryndan bolan ýokary derejeli wekilleri özünde jemledi. Maslahatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistana wekilçilik etdi.
Maslahatyň çäklerindäki ýokary derejeli duşuşygyň barşynda «Owganystan boýunça sebitleýin hyzmatdaşlyk» temasy boýunça çykyş etmek bilen, R.Meredow Türkmenistanyň Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşine uly ähmiýet berýändigini hem-de owgan halkynyň döwletliliginiň, ykdysady integrasiýasynyň hem-de abadançylygynyň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen halkara tagallalaryna ähli ugurlarda ýardam etmeklige synanyşýandygyny belläp geçdi.
Ol Türkmenistanyň bu ugurda iş ýüzündäki anyk hereketleri durmuşa geçirýändigini nygtady. Iki goňşy ýurduň hyzmatdaşlygy durmuş-ykdysady we ynsanperwer häsiýetli iri taslamalara hem-de maksatnamalara esaslanýandyr.
Owganystanyň ählitaraplaýyn ösüşi üçin ykdysadyýetiň energetika, ulag, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ýaly ulgamlarynyň aýratyn ähmiýetini nazarda tutmak bilen, Türkmenistan ençeme iri halkara infrastruktura taslamalarynyň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereket edýär.
Türkmen tarapynyň TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Türkmenistandan Owganystana demir ýollarynyň gurluşygynyň ilerledilmegine aýratyn ygrarlylygy bellenilip geçildi.
Türkmenistan ynsanperwerlik ugry boýunça Owganystan bilen hyzmatdaşlygyny işjeň ösdürýär – diýip wise-premýer belledi.
Türkmenistanyň daşary işler ministri Türkmenistan tarapyndan 2020-2022-nji ýyllarda Owganystan Yslam Respublikasyna ynsanperwerlik kömegini bermek boýunça maksatnamasynyň çarçuwasynda ileri tutulýan hereketler dogrusynda gürrüň berdi.
Ženewa maslahaty halkara jemgyýetçiligi tarapyndan Owganystanyň hemmetaraplaýyn dikeldilmeginiň meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň hem-de ýurduň durmuş-ykdysady taýdan ösüşiniň barşynda tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň täsirli guraly we netijeli platformasy bolup durýandyr. Parahatçylygyň we howpsuzlygyň gazanylmagy esasy üns merkezinde saklanýandyr.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.