Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy

04:10 16.07.2024 8188

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11380/original-166953a042520f.jpg

15-nji iýulda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň geçen alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 12-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda işleri has-da ilerletmegiň anyk ýollary kesgitlenildi.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow hasabat ýygnagyny açyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nebitgaz senagatynyň işini kämilleşdirmekde, yzygiderli ösdürmekde we bu ugurda iri taslamalary durmuşa geçirmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändigini, önümçilik kuwwatlyklarynyň döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil enjamlaryň, tehnikalaryň we innowasion tehnologiýalaryň ulgama ornaşdyrylýandygyny, şonuň netijesinde pudagyň öňünde wajyp wezipeleriň kesgitlenendigini belledi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Maksat Babaýew, «Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy Gurbangeldi Garlyýew hem-de toplumyň birleşikleriniň, müdirlikleriniň, edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary ýerine ýetirilen işleriň netijeleri we öňde durýan wezipeler barada çykyş etdiler.

Hasabat ýygnagynda ýurdumyzda nebit we gaz kondensatyny, suwuklandyrylan gazy çykarmak, ulgamyň eksport mümkinçiliklerini artdyrmak, täze bazarlara çykmak, daşary ýurtlaryň iri nebitgaz kompaniýalary, maýadarlar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, olar bilen duşuşyklary we özara pikir alyşmalary geçirmek, toplumyň işinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden peýdalanmak, «Galkynyş» gaz käninde alnyp barylýan işleri güýçlendirmek, önümçilik kuwwatlyklarynyň talabalaýyk işlemegini gazanmak, alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginini has-da çaltlandyrmagy üpjün etmek we beýleki wajyp ugurlar boýunça çykyşlara giň orun berildi.

Hasabat ýygnagynda wise-premýer Batyr Amanow hormatly Prezidentimiziň nebitgaz senagatyny ösdürmekde beren tabşyryklaryna laýyklykda, topluma degişli kärhanalaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak üçin döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmagy we toplumlaýyn çäreleri görmegi dowam etdirmegiň, Hazar deňziniň sebitinde uglewodorod serişdelerini gözlemek we özleşdirmek üçin daşary ýurt kompaniýalaryny çekmegiň, türkmen geologlary tarapyndan uglewodorod serişdeleriniň geljegi uly bolan gatlaklaryny gözlemek, barlamak işlerini netijeli ýerine ýetirmegiň, ýurdumyzda nebitgaz senagaty boýunça alnyp barylýan işleri mundan beýläk-de güýçlendirmegiň möhümdigini belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň öňünde anyk wezipeleri kesgitläp, bu işlerde zähmet üstünliklerini arzuw etdi.

Hasabat ýygnagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda depginli ösüşiň gazanylýandygyny belläp, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleriniň, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň alyp barýan işlerini has-da ilerletmek boýunça öz tekliplerini beýan etdi.

Başga makalalar
165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.