“Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly foruma taýýarlyk görülýär
12:38 01.07.2024 5280
Şu ýylyň 7-8-nji noýabrynda Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde “Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri” atly forumy geçirmäge taýýarlyk görülýär. Forumyň 4 — 7-nji noýabrda BAE-niň paýtagtynda nebitgaz, energetika pudaklaryna, täze tehnologiýalara, öňdebaryjy işläp taýýarlamalara bagyşlanyp geçiriljek (ADIPEС) Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guralmagy meýilleşdirilýär. Bu barada geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Atdaýew daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabatynyň çäklerinde aýtdy.
Dünýäniň ýurtlarynyň iri kompaniýalarynyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga uly gyzyklanma bildirýändigini göz öňünde tutup, giň gerimli halkara gözden geçirilişiň meýdançasynda maliýe-ykdysady, nebitgaz, energetika, senagat, söwda, oba we suw hojalygy, daşky gurşawy goramak, ulag-aragatnaşyk we beýleki pudaklaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýurdumyzyň mümkinçilikleri bilen tanyşdyryş çärelerini guramak teklip edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda we daşary ýurtlarda geçirilýän halkara çäreleriň söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýändigini belledi. Nygtalyşy ýaly, Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherinde geçiriljek forum hem ýurdumyzyň ykdysady mümkinçiliklerini, ýeten belent sepgitlerini açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe bolar. Şoňa görä-de, Bütindünýä sergisiniň meýdançasynda guralmagy meýilleşdirilýän «Türkmenistanda söwda, maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» atly forumyň ýokary derejede geçirilmegini gazanmak möhümdir diýip, döwlet Baştutany aýtdy hem-de wise-premýere bu ugurda degişli guramaçylyk işlerini geçirmegi tabşyrdy diýip, TDH habar berýär.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.