150 million kub metrden gowrak mawy ýangyç çykaryldy
12:54 21.06.2024 7195
2024-nji ýylyň bäş aýynda «Türkmennebit» döwlet konserniniň ýurduň günbatar sebitinde iş alyp barýan «Galkynyşnebit» nebitgaz çykaryş müdirliginde hereket edýän guýulardan çykarylan «gara altynyň» möçberi 24,9 müň tonna golaýlady. Bu bellenilen meýilnamanyň 106,7 göterim berjaý edilendigini hem-de müdirlik boýunça hasabat döwründe hereket edýän guýulardan 1 müň 568 tonna barabar «gara altynyň» bellenilen meýilnamadan artyk çykarylandygyny aňladýar. Kärhana tarapyndan garamagyndaky önümli gatlaklardan 150 million kub metrden hem gowrak mawy ýangyjyň çykarylandygyny bellemek gerek.
Alnan tebigy gaz Balkanabat şäheriniň kenarýaka Hazar şäherçesiniň edara-kärhanalarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň bu gymmatly önüme bolan islegini kanagatlandyrmaga gönükdirildi diýlip, habarda bellenilýär.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.