Baýlyk çykaryjylar öňdeligi saklaýarlar
04:05 18.06.2024 14390
Ýurdumyzyň uly baýlygy bolan tebigy gazyň gazylyp alnyşyny, onuň sarp edijilere iberilişini artdyrmak ugrundaky möhüm işde «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň Kükürtli liniýa önümçilik böleginiň hünärmenleri ýokary başarnyk we yhlaslylyk görkezýärler. Olaryň birleşen tagallalary arkaly üstümizdäki ýylyň tamamlanan döwri üstünliklere beslendi. Şol sebäpli bölegiň işgärleri müdirligiň öňdebaryjylary hasaplanýar.
— «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň başyndan işlerimizi sazlaşykly gurap, ýokary depgini gazandyk. Munuň üçin Malaýdaky gaz gysyjy desganyň kuwwatlyklaryndan netijeli peýdalanýarys. Şeýle-de gaz känlerindäki guýularyň önüm berijiligini ýokarlandyrmak ugrunda degerli çäreleri durmuşa geçirýäris. Zähmetsöýer we başarjaň hünärmenlerimiziň iş orunlarynda yhlasly we maksada okgunly zähmet çekmekleri netijesinde şanly ýylyň tamamlanan bäş aýynda gowy görkezijileri gazandyk — diýip, bu bölegiň başlygy Begenç Çaryýew alyp barýan işleri barada höwes bilen gürrüň berýär.
Hakykatdan-da, zähmetde taplanan ussat gazçylaryň yhlasly işlemekleri arkaly tebigy gazyň öndürilişi yzygiderli artdyrylýar. Olar tarapyndan şu ýylyň geçen döwründe gazylyp alnan harytlyk önüm 3,5 milliard kub metre golaý boldy. Munuň özi bäş aýyň meýilnamasynyň artygy bilen berjaý edilendiginden habar berýär.
Öňdebaryjy bölekde dürli kesp-kärli hünärmenleriň 450-den gowragy agzybirlik bilen zähmet çekýär. Olaryň ýokary öndürijilikli işlemekleri üçin müdirligiň ýolbaşçylygy tarapyndan amatly şertler döredilýär. Şonda zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk meseleleri aýratyn üns merkezinde saklanylýar. Baýlyk çykaryjylaryň işleriniň aýratynlygy bu meselä örän jogapkärli çemeleşmegi talap edýär. Bu babatda bölegiň zähmeti goramak we tehniki howpsuzlyk inženeri Berdimyrat Amanowyň edýän tagallalary tüýs ýerine düşýär. Umumy üstünlige saldamly goşant goşup, kärdeşlerine gowy görelde görkezýänleriň hatarynda Malaý gaz käniniň tehnology Öwezmyrat Durdyýew, Bagaja gaz käniniň esasy geology Arazmämmet Annamyradow, Kükürtli sehiniň gaz çykaryjy operatory Haýytmyrat Nyýazow dagynyň atlary ilkinjileriň hatarynda agzalýar.
Ýurdumyzyň ykdysadyýetinde nebitgaz toplumy möhüm hyzmaty ýerine ýetirýär. Hormatly Prezidentimiz pudagyň mümkinçiliklerini giňeltmäge, onuň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaga ýakyndan üns berýär we möhüm çözgütleri kabul edýär. Pudakda möhüm taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ösüşleriň täze belentliklerini ynamly eýelemäge pugta esas döredýär. Malaý gaz käninde gurlan we işe girizilen kuwwatly gaz gysyjy desga bu babatda ynandyryjylykly mysallaryň biridir. Häzirki döwürde döwrebap desganyň ýokary sazlaşykly işledilmegi üpjün edilýär. Şonuň netijesinde Malaý — Bagtyýarlyk ýokary basyşly gaz geçirijisine berilýän tebigy gazyň möçberleri barha artdyrylýar. Bu harytlyk önümiň bir bölegi welaýatdaky kuwwatly senagat kärhanalaryna hem-de ilatly ýerlere, esasy bölegi bolsa dostana Hytaý döwletine akdyrylýar.
Döräp biläýjek bökdençlikleriň aradan aýrylmagy, işleriň geljegi nazarlap ýola goýulmagy gaz akymynyň kadaly bolmagyny üpjün edýär. Şeýle-de ýylyň başyndan Malaý käninde we oňa ýanaşyk meýdançalarda gözleg-barlag guýularyny burawlamak işleriniň giňden ýaýbaňlandyrylmagy geljekde tebigy gazyň gorlarynyň üstüni ygtybarly ýetirmäge mümkinçilik berer.
Ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän bölegiň başarjaň baýlyk çykaryjylary gaýrata galyp zähmet çekýärler. Tamamlanýan her bir iş gününde gazanylýan ýokary önümçilik görkezijileri bolsa olaryň üstümizdäki ýyly hem şowlulyklara beslejekdiklerinden habar berýär.
Mämmetgylyç KÜTIÝEW
Döwrebap zähmet çekilýär
Soňky ýyllarda tehniki-ykdysady üpjünçilik babatda yzygiderli täzelenişi başdan geçirýän «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi konserniň önümçilik düzümleriniň arasynda hemişe öň hatarda bolmagyň hötdesinden gelýär.
Önümçilik sazlaşykly guralýar
Ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň öňünde goýulýan wezipeleriň ýerine ýetirilmegine konserniň iri önümçilik düzümi bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary saldamly goşantlaryny goşýarlar.
Demirgazyk Gazlydepe hazynasyny eçilýär
Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ileri tutup ösdürmäge çynlakaý üns berýär we möhüm çözgütleri kabul edýär. Şeýle taýsyz tagallalar ýerlerde uglewodorod serişdeleriniň goruny artdyrmak ugrunda alnyp barylýan işlere giň gerim bermegi şertlendirýär.
Gazçylaryň şäheri özgerýär
«Marygazçykaryş» müdirliginiň Ýaşaýyş jaý-jemagat kontorasynyň işgärleri Mary welaýatynyň Şatlyk şäheriniň ilatynyň gündelik oňaýly ýaşaýyş-durmuş şertleri bilen üpjün edilmegi üçin maksatnamalaýyn işleri alyp barýarlar. Şäheriň ilatyny arassa agyz suwy bilen üpjün etmek, gyş paslynda ýaşaýyş jaýlarynyň ýyladyş ulgamynyň kadaly işlemegini gazanmak, durmuş hajatlaryndan çykýan lagym suwlaryny suw arassalaýjy desgasyna akdyrmak we ony biologik usulda arassalamak, şäheriň abadançylygyny üpjün etmek kärhananyň zähmet adamlarynyň berjaý edýän işleriniň esasy bölegini düzýär.
Burawlaýjylaryň belent sepgitleri
«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň «Ekerem» buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny ýokary zähmet üstünliklerine besläp, hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýuna mynasyp zähmet sowgatly barýarlar.