Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň işiniň bäş aýynyň netijeleri maslahatlaşyldy
15:00 08.06.2024 5493
Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň barşynda wise-premýer B.Amanow nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek boýunça 2024-nji ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Şunuň bilen baglylykda, nebiti we gaz kondensatyny çykarmak babatda gazanylan tehniki-ykdysady görkezijiler barada aýdyldy. Hususan-da, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan meýilnamanyň 102,6 göterim ýerine ýetirilendigi bellenildi.
Konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,9 göterime deň boldy.
Hasabat döwründe benzin öndürmegiň meýilnamasy 100,7 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy 120,9 göterim ýerine ýetirildi.
Şeýle-de suwuklandyrylan gazy, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň tehniki-ykdysady görkezijileri, “mawy ýangyjyň” daşary ýurtlara iberilişi barada hasabat berildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy we nebiti çykarmakda öňde goýlan meýilnamalary 100 göterim ýerine ýetirmek, nebitgaz senagatyna degişli kärhanalaryň doly güýjünde işledilmegini gazanmak üçin toplumyň işini yzygiderli kämilleşdirip durmagyň wajypdygyna ünsi çekdi we wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.