Ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlyk, maýa goýumlar we syýahatçylyk - Türkmen-katar syýasy geňeşmeleriniň üns merkezinde

10:07 04.06.2024 7324

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/11089/original-1665ebb52718d6.jpg

Doha şäherinde Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçirilen syýasy geňeşmelerde maýa goýumlar, syýahatçylyk, nebitgaz we energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Duşuşykda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, Kataryň wekiliýetine Kataryň Daşary işler boýunça döwlet ministri Soltan bin Saad Al-Muraihi ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasyndaky syýasy-diplomatik we medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşyldy. Taraplar esasan hem maýa goýum, syýahatçylyk, energetika we nebit-gaz pudaklarynda söwda-ykdysady gatnaşyklary bilen baglanyşykly meselelere garadylar.

Söwda we ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň ähmiýeti nygtaldy. Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmäge hem ünsi çekdiler.

Diplomatlar Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda ikitaraplaýyn esasda netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek ugrundaky tagallalary güýçlendirmek barada ylalaşdylar. Şol bir wagtyň özünde, diplomatlar iň ýokary we ýokary derejelerdäki duşuşyklary dowam etdirmegiň möhümdigini bellediler.

Köptaraplaýyn diplomatiýanyň çäklerinde, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynda hyzmatdaşlygyň ösüşiniň yzygiderliligi beýan edildi. Hyzmatdaşlygyň şertnama-hukuk binýadyny giňeltmek hem ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde kesgitlenildi.

Geljegi uly ugurlaryň arasynda medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda Medeniýet günlerini, bilelikdäki sergileri guramak, şeýle hem bilim we sport ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek görkezildi.

Duşuşygyň dowamynda sebitleýin we halkara gün tertibiniň häzirki zaman meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, DIM belleýär.

Başga makalalar
165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.