Gurrukbil ýatagynda guýularyň öndürijiligini artdyran innowasion tehnologiýa önümçilige girizildi
17:09 23.05.2024 6020
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň alymlary we Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň hünärmenleri tükenen gaz guýularynyň öndürijiligini artdyrýan innowasion tehnologiýany önümçilige üstünlikli girizdiler.
«Türkmengaz» DK-nyň «Döwletabatgazçykaryş» müdirligi bilen baglaşylan şertnama esasynda, Gurrukbil gaz kondensat ýatagyndaky az önüm berýän we gory doly tükenen guýularyň öndürijiligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman innowasion tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça birnäçe ylmy-agtaryş we synag işleri geçirildi.
Gurrukbil ýatagynyň önümçilik häsiýetleri öwrenileninden we gory tükenen guýularyň gidrodinamik hem geofiziki gözlegleriniň netijeleri derňeleninden soň, ylmy we tehniki çözgütler işlenip düzülip, 45-nji guýynyň gazly gatlagyna toplumlaýyn wodorod termobarohimiki täsir tehnologiýasyny girizmek boýunça senagat synagy işleri geçirildi.
Deslapky gaz-gidrodinamik synaglaryň maglumatlaryna görä, öňki möçberi bilen deňeşdirilende, guýudan tebigy gaz alnyşy artdy. Gory doly tükenen 46-njy gaz guýusynda-da oňyn netije alyndy. Ol ýerde gatlaga tapgyrlaýyn köpçülikleýin wodorod termobarohimik täsir ulanyldy.
Gatlaga wodorod termobarohimik täsiriň birleşdirilen tehnologiýasynyň ulanylmagy onuň syzdyryjylygyny we nebit, gaz hem kondensat alnyşyny artdyrmak bilen owaldan bar bolan serişdeleri has netijeli ulanmaga hem önümçilik desgalaryny gurmaga gönükdirilen maýa goýumlaryny azaltmaga mümkinçilik berýär.
Häzirki wagtda alymlar Gurrukbil gaz kondensat ýatagyndaky synag guýularynyň öndürijiligine gözegçiligi dowam etdirýärler we her ölçeg geçirilende, guýynyň öndürijiliginiň artandygyny belleýärler. Innowasiýa tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň bu üstünlikli tejribesiniň ölçeg nusgalaryny alyp, şu ýatagyň beýleki guýularynyň öndürijiligini artdyrmak üçin-de ulanylmagy meýilleşdirilýär.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.