Türkmenistanyň DIM-inde Italiýanyň kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň geljegi maslahatlaşyldy
22:01 18.11.2020 7585
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Italiýanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi Luçiano Galli bilen geçiren duşuşygynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýt habar berýär.
Diplomatlar ýokary derejedäki özaragatnaşyklaryň ulgamlaýyn häsiýetini belläp geçdiler. Döwlet baştutanlarynyň arasyndaky önjeýli we yzygiderli gepleşikleriň ýurtlaryň arasyndaky özarabähbitli hereketleriň ösdürilmegine hem-de pugtalandyrylmagyna güýçli itergi berýändigi bellenilip geçildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ilerledilmeginde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabr aýynda Italýan Respublikasyna bolan sapary aýratyn ähmiýete eýe boldy.
Duşuşygyň barşynda diplomatlar ikitaraplaýyn syýasy gatnaşyklaryň aýratynlyklaryny, şeýle-de Türkmenistanyň we Italiýanyň arasynda ykdysady, söwda, maýa goýum hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýyny we ösüş mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Özarahereketleriň ikitaraplaýyn gurallarynyň çekilmegi bilen birlikde hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçiliklerine hem seredilip geçildi.
Türkmenistanyň Italiýada ýöriteleşikli sergilerini guramagyň, şol sanda Milan şäherinde Söwda wekilhanasynyň açylmagynyň mümkinçiliklerine seretmek ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy.
Işjeň ýagdaýda geçen söhbetdeşligiň barşynda ENI, «Leonardo» we beýleki italýan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň önjeýliligi hem bellenilip geçildi. Bu ugurda taraplar iki ýurduň öňdebaryjy kompaniýalarynyň gatnaşmagynda işewürlik-forumlaryny geçirmegiň oňyn tejribesiniň dowam edilmegine özara gyzyklanma bildirdiler. Saglygy goraýyş, älem giňişligi ulgamyndaky gatnaşyklary giňeltmegiň mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň çäklerinde Ilçi Luçiano Galli Türkmenistanyň Daşary işler ministrine özüniň ynanç hatlarynyň nusgasyny gowşurdy. Taraplar özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça netijeli önjeýli gatnaşyklaryň dowam edilmegine ynam bildirdiler.
Türkmenistanyň ŞHG bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary beýan edildi
Ulag, aragatnaşyk, energetika, söwda we maýa goýum işi Türkmenistan bilen ŞHG-niň özara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ŞHG) Hökümet baştutanlary geňeşiniň mejlisinde belledi diýip, Türkmenistanyň DIM-nde habar berdiler.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Türkmenistanda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümi badalga aldy
Geçen ýekşenbe güni Türkmenistanda Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmek dabarasynyň ýazky möwsümine badalga berildi.
Gurbangeldi Aýmämedow – «Türkmengazüpjünçilik» birleşiginiň Baş direktorynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijisi
19-njy martda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedow wezipesine girişdi. Täze saýlanylan döwlet Baştutanynyň wezipesine girişmek dabarasyna ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Olaryň birnäçesi bu taryhy wakanyň özlerinde galdyran täsiri barada okyjylarymyza gürrüň berdiler.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.