Türkmenistanyň Prezidenti Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen döwletara hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy
14:09 15.05.2024 6836
Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki Prezident Serdar Berdimuhamedowy geljek ýyl Ýaponiýada “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisine gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Endo Toşiaki 14-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren duşuşygynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.
Bu serginiň Günüň dogýan ýurdunda geçirilmegini goldap ses beren Türkmenistan onuň işine gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýär. Şu maksat bilen, ýörite guramaçylyk topary döredildi we häzirki wagtda degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Pursatdan peýdalanyp, Prezident Ýaponiýanyň ösüşinde we bütindünýä sergileriniň taryhynda möhüm waka boljak “EKSPO — 2025-iň” üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy.
Iki döwletiň “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hem ösüş häsiýetine eýedir. Bu dialog hyzmatdaşlygyň netijeli guraly hökmünde özüni görkezdi. Şunuň bilen baglylykda, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowy bu formata gatnaşyjy ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň ilkinji sammitinde görmäge şat boljakdygyny aýtdy.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biri bolup, durnukly we uzak möhletleýin häsiýete eýedir. Şunda Türkmen-ýapon ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň işine uly ähmiýet berilýär. Ol hyzmatdaşlygyň bar bolan uly kuwwatyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge ýardam bermäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we iri ýapon kompaniýalarynyň dürli ulgamlarda, şol sanda gaz pudagynda, himiýa senagatynda hyzmatdaşlygyň köpýyllyk tejribesini toplandyklary nygtaldy.
Şol gün Türkmenistanyň Mejlisinde Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy, Ýaponiýanyň Parlamentiniň Wekiller palatasynyň agzasy Endo Toşiaki bilen geçirilen duşuşygyň dowamynda kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.