Ylmy-amaly maslahat geçirildi
06:03 14.05.2024 4838
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda (YBTGI) «Magtymguly Pyragy ynsan kalbynyň şahyry» atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. YBTGI we bu institutyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasy tarapyndan geçirilen maslahata nebitgaz toplumynyň düzümleriniň işgärleri gatnaşdy.
Ylmy-amaly maslahatda akyldar Magtymgulynyň döredijiligi, pähim-paýhasa ýugrulan eserleriniň umumadamzat gymmatlyklarynda tutýan mynasyp orny, şahyryň beýik şahyrana şahsyýetdigi, onuň ylym-bilime bolan garaýyşlary barada çykyşlar diňlenildi. Mundan başga-da, häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň täzeçe öwüşginde ýaňlanyşy, halkara ynsanperwer hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda türkmen halkynyň hoşmeýilli erkiniň nyşanyna öwrülişi, döredijilik mirasynyň bahasyna ýetip bolmajak milli baýlykdygy we dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegidigi ruhubelentlik bilen beýan edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şahyryň şygyrlary adamlaryň kalbynyň töründen orun alýar. Çünki olarda bütin adamzadyň müdimi gymmatlyklary — Watana söýgi, ynsanperwerlik, parahatçylyk, döredijilige, dost-doganlyga çagyryş çuňňur beýan edilýär. Bular barada Ylmy-barlag tebigy gaz institutynyň direktorynyň geologiýa işleri boýunça orunbasary Rahmetnur Aýmämmedowyň, kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Myrat Baýramgylyjowyň çykyşlarynda bellenildi.
Maslahatyň dowamynda YBTGI-niň inženerleri Derýa Baýnepesow, Gunça Gurbanberdiýewa, ylmy işgäri Akgül Annahanowa dagy nebitgaz enjamlarynyň toplumlaýyn anyklaýyş barlaglary, «Marygazçykaryş» müdirliginiň täze açylan Kelleli, Şerepli, Ýylan kuwwatly gaz ýataklary, «Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz känleriniň metan zyňyndylarynyň seljermesi hakynda ylmy pikirleri bilen çykyş etdiler. Ylmy işgärleriň sorag-jogap alyşmagy, belliklerini, tekliplerini aýtmagy, ýaş hünärmenleriň alyp barýan nebitgaz işlerine halypalaryň baha bermegi çäräniň täsirliligini artdyrdy.
Ylmy-amaly maslahatyň ahyrynda netijeli işi bilen tapawutlanýan işgärlere guramaçylar tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.