Türkmenistanyň DIM-inde Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
11:34 14.05.2024 3226
13-nji maýda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça ýörite wekili Teri Hakalanyň arasynda duşuşyk geçirildi diýip, ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berdi.
Çäräniň dowamynda hyzmatdaşlygyň möhüm gün tertibi hem-de Türkmenistanyň we ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmegiň geljegi barada pikir alşyldy.
Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda daşky gurşawy goramak, ýaşyl we sanly özgertmeler, bilim, energetika we ulag-logistika ýaly ugurlar görkezildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we ÝB-niň hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan Bilelikdäki maslahatynyň gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem Aşgabat şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «Merkezi Aziýa – Ýewropa Bileleşigi» görnüşindäki Ministrler maslahatynyň guramaçylyk meselelerine garadylar.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.