Türkmenistanyň wekiliýeti Abu-Dabide XIII Halkara maýa goýum forumyna gatnaşdy
11:47 10.05.2024 4214
Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy R.Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 7-9-njy maýda Abu-Dabi şäherinde geçirilen XIII Halkara maýa goýum forumyna we sergisine gatnaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.
Bu iri göwrümli maýa goýum forumy her ýyl hökümet wekillerini, işewür ýolbaşçylary, maýadarlary, syýasatşynaslary, bilermenleri, şeýle hem pudagyň öňdebaryjylaryny we ählumumy meseleleri çözmäge, maýa goýumlaryny ösdürmäge hem-de dünýä ykdysadyýetiniň dikeldilmegini çaltlandyrmaga gyzyklanma bildirýän taraplary ýygnaýar.
Çäräniň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň agzalary daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, BAE-niň wekiliýetleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Ýurtlaryň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary ilerletmek, tebigy baýlyklardan netijeli peýdalanmak, energiýa bazarlaryny ösdürmek, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlaryny çekmek, iri ýataklarda öndürijiligi ýokarlandyrmak ugrundaky täze aragatnaşyk gurallary, şeýle-de ekologiýa taýdan arassa önümçiligi, innowasiýa tehnologiýalaryny we nou-haulary girizmek ýaly derwaýys meseleler ikitaraplaýyn duşuşyklaryň gün tertibine girizildi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.