Prezident Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyry açyldy
08:07 08.05.2024 6172
Şu gün, 8-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyndaky ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Şu ýylyň mart aýynda döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynda ýyllyk kuwwaty 1 million tonna sement öndürmäge ukyply bolan sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyş dabarasy boldy.
Bu zawodyň ýokary hilli önümleri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan köp sanly gurluşyklarda peýdalanylar. 2005-nji ýylda ulanmaga berlen Bäherden sement zawody Merkezi Aziýa sebitinde şunuň ýaly kärhanalaryň iň irileriniň biri bolup durýar.
Ýurdumyzyň gurluşyk senagatynyň iri kärhanasy Köpetdagyň belent gerişleriniň eteginde ägirt uly senagat düzümlerini we önümçilik desgalaryny özünde jemleýän tutuş toplumdyr. Bu ýerde sementiň uly isleg bildirilýän görnüşleri öndürilip gelinýär. Zawodyň önümi täze taryhy eýýamda ýurdumyzda giňden alnyp barylýan gurluşyklaryň ýokary depginini üpjün edýär.
Senagat toplumynyň ikinji tapgyry Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, «Beýik-Bina» hususy kärhanasy tarapyndan guruldy.
Şeýle hem bu taslamany durmuşa geçirmäge önümçilik işini meýilnamalaşdyrmak we dünýäniň sement senagaty üçin taslamalary dolandyrmak boýunça hyzmatlary hödürleýän Germaniýanyň «KHD Humboldt Wedag» iri inženerçilik kompaniýasy çekildi.
Täze zawod dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň iň täze enjamlary bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu bolsa uly isleg bildirilýän ýokary hilli sementiň PS-400, PS-500, PS-600 görnüşlerini hem-de sulfata durnukly portlandsementi öndürmäge mümkinçilik berýär.
Beýleki desgalarda bolşy ýaly, bu zawodda hem önümçiligiň ekologiýa taýdan arassalygyna we ähli bellenen kadalaryň berjaý edilmegine aýratyn üns berildi. Çünki daşky gurşawyň goraglylygy ýurdumyzda iri senagat desgalarynyň gurluşygynda aýrylmaz şertleriň biri bolup durýar.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.