TEIF 2024 Halkara forumyna gatnaşyjy bilen söhbetdeşlik

10:31 30.04.2024 8759

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/10668/original-1662d0cfdc62d2.jpg

Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Parižde geçirilen halkara göçme forum (TEIF 2024) barada täsirleri, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň işi barada Daniýanyň “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň ygtyýarnama direktory Rikard Wanbi paýlaşdy.

- Kompaniýaňyzyň Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň energetika pudagyny ösdürmäge gatnaşygy barada gürrüň beräýseňiz.

- Türkmenistan iň ýakyn hyzmatdaşlarymyzyň biri. Bir ýurtda 2 sany iri taslamany durmuşa geçirdik. Olar – kompaniýamyzyň tehnologiýasy esasynda gazdan benzin öndürýän zawod, ikinjisi – Garabogazdaky zawod.

Bu günki gün Türkmenistan “Haldor Topsoe” kompaniýasynyň işläp düzen TIGAS tehnologiýasy esasynda tebigy gazdan sintetiki benzin almak boýunça zawodyň gurlan we üstünlikli hereket edýän dünýäde ilkinji hem ýeke-täk ýurdy.

Häzirki wagtda Türkmenistan beýleki ýurtlaryň ugur, mysal alýan özboluşly nusgasyna öwrüldi. Bu hili önümçiligi ýola goýmak üçin diýseň köp şertler gerek. Ilkinji nobatda, ägirt uly gaz gory, benzine bolan zerurlyk. Bularyň ikisi hem Türkmenistanda jemlenen.

- Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyňyza nähili baha berýärsiňiz?

- Bir söz bilen aýdylanda, diýseň oňat gatnaşyklarymyz bar. Bu ýurtda işlemegiň öz aýratynlygy bar. Bize diýseň dostlukly garaýarlar, kompaniýamyza Türkmenistanda işlemek örän ýeňil.

- Şular ýaly iri forumlara ýygy-ýygydan gatnaşýarsyňyzmy?

- Kompaniýamyz Türkmenistan tarapyndan geçirilýän energetiki forumlara elmydama gatnaşýar. Geçen ýyl “Haldor” Topsoe-niň” wekilleri Dubaýda geçirilen şular ýaly foruma gatnaşdylar.

- Pariž forumynyň guramaçylyk derejesine nähili baha berersiňiz?

- Guramaçylyk ajaýyp. Foruma gatnaşyjylar bilen söhbetdeş bolmak, olaryň tekliplerini, gazananlaryny maslahatlaşmak örän gyzykly boldy. TEIF 2024 forumy netijeli iş üçin örän oňat meýdança boldy.

- Siziň kompaniýamyz ýurdumyzyň öňden gelýän hyzmatdaşy. Türkmen energetika bazaryna girmegi, Türkmenistan bilen uzakmöhletleýin gatnaşyklary gurmagy meýilleşdirýän beýleki kompaniýalara näme maslahat bererdiňiz?

- Ýeňil sowal däl. Taýýar önümi paýlaşmak hakynda şertnama esasynda işleýän bilelikdäki kärhanalar barada pikir edilse, maksadalaýyk bolar diýip pikirlenýän. Mysal üçin, ýurtda “Petronas”, “Dragon Oil”, “Mitro” ýaly iri kompaniýalar şu görnüşde iş alyp barýarlar.

Ýurdy içinden has oňat tanamaklary, mümkinçilikler bilen has ýakyndan tanyşmaklary üçin kompaniýalary ýurda çekmek zerur hasaplaýaryn.

- Sagboluň, ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk hem ösdürmekde üstünlikleri arzuw edýärin.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.