Parižde Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady

06:41 25.04.2024 8300

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/10619/original-16629fd6aaa0b2.jpg

24-nji aprelde Fransiýanyň paýtagty Parižde Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy öz işine başlady. Foruma 300-e golaý wekil gatnaşýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri “Turkmen Forum” we GaffneyCline britan kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýärler.

Prezident Serdar Berdimuhamedowyň resmi Gutlagyny Türkmenistanyň Prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisi Aşyrguly Begliýew okady.

“Forumyň Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmekde, pudaga daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmekde, özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de işjeň ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynanýaryn” diýlip Gutlagda aýdylýar.

“Bu halkara göçme forumyň dowamynda oňa gatnaşýan hünärmenler uglewodorod ýataklaryny özleşdirmegiň meseleleri bilen birlikde, gaz geçirijileriň eksport mümkinçiliklerini, gazy gaýtadan işlemegiň we gazhimiýa pudaklaryna maýa goýumlary çekmegiň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşarlar” diýip, döwlet Baştutany belleýär.

«Galkynyş» gaz känini özleşdirmek, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny durmuşa geçirmek wajyp wezipeleriň hatarynda görkezilýär. Bu taslamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy ýangyç-energetika toplumyny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge we sebitde energetika howpsuzlygyny üpjün etmäge saldamly goşant goşar diýip, Serdar Berdimuhamedow nygtaýar.

Maslahatyň gün tertibine baý tebigy serişdeleri netijeli peýdalanmak, energetika bazarynyň ösüşi, özara bähbitli iri taslamalara maýa goýumlary çekmek, ýurdumyzyň gaz känlerinde öndürijiligi ýokarlandyrmak babatda gatnaşyklaryň täze gurallary, ekologik taýdan howpsuz önümçilikleri ornaşdyrmak, pudaga täze tehnologiýalary, nou-haulary çekmek ýaly möhüm meseleler girizildi. Forum öz işini “Ählumumy energiýanyň geljeginde Türkmenistanyň orny”, “Energetiki geçiş şertlerinde tebigy gaz önümçiliginiň mümkinçilikleri”, “Uglewodorod önümçiliginde metanyň we uglerod dioksidiniň zyňyndylaryny azaltmak hem-de gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri”, “Energetiki geçiş üçin çig mal harytlar: täze meýiller we maýa goýum mümkinçilikleri”, “Arassa energiýa ulgamyndaky we häzirki zaman infrastrukturasyndaky taslamalary öňe sürmekde maliýe institutlarynyň orny”, “Türkmenistanyň gurluşyk, gazhimiýa, ulag we kommunikasiýalar ulgamlaryndaky täze taslamalaryna maýa goýumlary çekmek amallaryny çaltlaşdyrmak” atly mowzuklaýyn sessiýalarda dowam etdi.

Sessiýalaryň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow, “Türkmengaz” DK-nyň başlygy – döwlet ministri Maksat Babaýew, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Tatýana Molçan, "Geo Jade Huineng"  hytaý energetika konsorsiumynyň baş ýerine ýetiriji direktory Konan Daý, OPEK-iň baş sekretary Haýsam al-Gaýs, Fransiýa-Türkmenistan Işewürler geňeşiniň prezidenti Pýer-Erik Sent-Andre, şeýle hem Ählumumy gaz merkeziniň (GGC), Halkara energetika agentliginiň (IEA) wekilleri we beýlekiler çykyş etdiler.

Ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynyň hem-de daşary ýurt kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, hünärmenleri çykyş edip, ileri tutulýan wezipeleri çözmekde netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň, döwletleriň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmagyň anyk guraly hökmünde Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň eýeleýän ornuny aýratyn bellediler. Iri kompaniýalar, dünýäniň abraýly maliýe düzümleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň döwletimiziň eksport mümkinçiliklerini artdyrandygy, özbaşdak hem-de hyzmatdaşlar bilen bilelikde ägirt uly taslamalary amala aşyryp bilýän ýurt hökmünde amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrandygy nygtaldy. Ýygnananlar ýurdumyzyň nebitgaz pudagynda gazanylan üstünlikler, ony ösdürmek boýunça geljekki meýilnamalar bilen tanyşdyryldy.

Üç günüň dowamynda Türkmenistan öňdebaryjy halkara we milli kompaniýalary bir ýerde jemlän halkara göçme forumyna gatnaşyjylaryň üns merkezinde bolar. 

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.