Talyp ýaşlaryň halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi
09:56 20.04.2024 6160
19-njy aprelde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi. Oňa professor-mugallymlar, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň birnäçe ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasyna (OIOIUS — 2024) gatnaşyjylar çagyryldy.
Bellenilişi ýaly, döwletimiz halkara borçnamalaryna eýermek bilen, ählumumy ösüşiň esasy ugurlary boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürýär. Bu ugurda ýaşlaryň halkara hyzmatdaşlygy wajyp ugurlaryň biri hökmünde öňe sürülýär. Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Türkmenistanda ýaşlaryň Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi, halkara abraýynyň ýokarlanmagy, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça wezipeleri amala aşyrmaga goşýan bahasyz goşantlary bilen öňdebaryjy orunlara çykýandyklary bellenildi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüji, ýokary ahlakly, bilimli, ylymly, sagdyn ýaşlary kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň hukuk binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen, binýatlaýyn resminama — «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Onda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak üçin «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» we ony durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy. Munuň özi ýurdumyzyň BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge uly goşant goşýandygynyň nobatdaky güwäsidir.
Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary özleri barada döwlet derejesinde edilýän aladalara, durmuşda mynasyp orunlary tapmagy üçin döredip berýän ajaýyp mümkinçiliklere jogap edip, zähmetde, okuwda we durmuşda yhlaslylyk, maksadaokgunlylyk, egsilmez erk, berk ynam, ata Watanymyza öçmejek söýgi bilen öňe barýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ýakynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde geçirilen II Açyk halkara informatika olimpiadasynda (OIOIUS — 2024) hem ýokary netijeleri gazandylar.
Maslahatyň ahyrynda halkara ders olimpiadasynyň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Ýeňijiler medallar we diplomlar bilen sylaglanyldy.
Olimpiadada baýrakly orunlary eýelänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
Maslahatda Türkmenistan döwletiniň netijeli halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda dünýäde möhüm orny eýeleýändigi bellenip, bu ugurda hemmetaraplaýyn goldaw berýän, dost-doganlyk, agzybirlik, ygtybarly hyzmatdaşlyk, bilimiň we ylmyň gazananlary esasynda parahatçylykly ösüş ýoluna aýratyn ähmiýet berýän, şol sanda halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli işleri üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza çuňňur hoşallyklaryny beýan etdiler.
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň aýdym-saz toparynyň çykyşlary maslahata gatnaşyjylar hem-de myhmanlar üçin ajaýyp döredijilik sowgady boldy. Halkara ders olimpiadasyna we ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.