Halkara olimpiada gatnaşyjylara söz berýäris
10:24 18.04.2024 6406
Aleksandr MÝASNIKOW,
A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli gözleg tehniki
uniwersitetiniň talyby:
- Men Aşgabatda geçirilýän Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyna gatnaşýandygyma diýseň buýsanýaryn. Biz Aşgabadyň täsin hem-de dünýäde iň bir owadan şäherleriň biridigine ýene bir gezek göz ýetirdik. Uçaryň guşuçar belentliginden açylýan şäheriň gözelligini söz bilen beýan etmek kyn. Türkmenistan özüniň innowasion ösüşi, ak mermerli gözel paýtagty, dynç alyş zolaklary, beýik binalary, taryhy ýadygärlikleri, bagy-bossanlygy bilen her bir ynsanyň göwnüni göterýär we ruhuny galkyndyrýar. Bu olimpiada talyp ýaşlaryň dünýägaraýşyny giňeldýär we olaryň öňünde täze mümkinçilikleri açýar, halklaryň dost-doganlygyny has hem berkidýär.
Şeýle ýokary guramaçylykdaky çäreleri guramaga we gatnaşmaga döredip beren mümkinçilikleri üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallygymy bildirýärin.
Ilýa MALOW,
A.N.Tupolew adyndaky Kazan milli gözleg tehniki uniwersitetiniň talyby:
- Türkmenistana birinji gezek gelip gördüm. Aşgabadyň howasy, tämizligi we gözelligi, türkmen halkynyň myhmansöýerligi, açyk göwünliligi, şeýle hem ýaşlaryň bilime, ylma höwesekligi mende örän ýakymly täsirleri galdyrdy. Men Türkmenistan we onuň gözel paýtagty Aşgabat barada kän maglumatlary bilýärin. Muňa garamazdan, bu ajaýyplygy öz gözüň bilen görmek, duýmak düýbünden başga-ça bolýan eken. Türkmen ýaşlarynyň medeniýeti, dost-doganlyga ygrarlylygy, giň düşünjeliligi, mynasyp gylyk-häsiýetleri, bilim-ylym derejeleri öwgi sözleriniň ählisine-de mynasypdyr.
Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasyna gatnaşyjylara üstünlik arzuw edýärin. Şeýle guramaçylykly çäreleri geçirmekde tagallalaryny gaýgyrmaýan Türkmenistanyň Prezidentine minnetdarlygymyzy bildirýäris.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.