Informatika boýunça halkara olimpiada öz işine başlady
05:17 18.04.2024 6205
“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň 17-nji aprelinde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasy (OIOIUS-2024) dabaraly ýagdaýda öz işine başlady.
Halkara olimpiada dünýäniň 18 döwletinden, ýagny Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Germaniýanyň, Rumyniýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Owganystanyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Ermenistanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Katar döwletiniň, Liwiýanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary we mugallymlary gatnaşýar. Halkara Informatika olimpiadasyna ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň 50-den gowrak ýokary okuw mekdebinden jemi 350-ä golaý talyp, 31 sany daşary ýurtly ýolbaşçy mugallym gatnaşýar.
Olimpiadanyň açylyş dabarasy turuwbaşdan şatlyk-şowhuna beslendi. Onda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň rektory gutlag sözi bilen çykyş edip, ähli gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw etdi hem-de şeýle iri möçberli halkara çäräni geçirmekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz hoşallyk sözlerini aýtdy. Dabaraly çärede daşary ýurtly alym-professorlaryň giň mazmunly çykyşlary diölenildi, şeýle-de, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary onlaýn usulda ähli gatnaşyjylara üstünlikleri arzuw edip, halkara olimpiadasynyň ýokary guramaçylygyny aýratyn bellediler. Açylyş dabarasynda ýaş zehinleriň doganlyk halklaryň dilindäki joşgunly aýdymlary çäräniň dabarasyny has-da artdyrdy.
Uniwersitetiň esasy binasynda guralan sergi olimpiada gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Sergide halkymyzyň gadymy taryhyny, şanly şu gününi, ykdysady kuwwatyny, baý medeni mirasyny, döredijilik däplerini şöhlelendirýän şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleri, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplary ýerleşdirilipdir.
Şol gün ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň II Açyk halkara informatika olimpiadasynyň birinji tapgyry geçirildi. Şu gün bolsa olimpiadanyň ikinji tapgyry geçiriler. Meýilnama laýyklykda, 19-njy aprelde olimpiada gatnaşýan talyp ýaşlaryň arasynda “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe talyp ýaşlaryň ylmy garaýyşlary” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi geçiriler. Onuň dowamynda olimpiadanyň ýeňijileri dabaraly ýagdaýda sylaglanar.
Halkara olimpiadanyň çäginde daşary ýurtly myhmanlar üçin paýtagtymyzyň gözel künjeklerine, medeniýet we sungat, söwda we dynç alyş merkezlerine, şeýle-de «Nusaý» ýadygärlikler toplumyna gezelençler guralýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.