Türkmenistanyň we Estoniýanyň demirýol edaralarynyň ýolbaşçylary DÝHG forumynyň çäklerinde hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
11:51 23.04.2024 2522
“Türkmendemirýollary” agentliginiň başlygy Azat Atamyradowyň Estoniýanyň demirýollary müdirliginiň Geňeşiniň Başlygy Zimmerman Kainod we Estoniýanyň demirýollary müdirliginiň halkara gatnaşyklary we söwda gullugynyň ýolbaşçysy Weýsmann Erkki bilen geçiren duşuşygynyň barşynda iki ýurduň demirýol edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistan Halkara habarlar merkezi habar berdi.
Duşuşyk 15-19-njy aprelde Aşgabatda geçen Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň çäklerinde geçirildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Estoniýanyň demirýol edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan demir ýol ulaglary ulgamynda Estoniýa bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge gyzyklanma bildirýär.
Taraplar hyzmatdaşlygyň geljegi uly taslamalary, şeýle hem bilelikdäki çäreleri geçirmek babatda pikir alyşdylar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.