Daşkentde türkmen-özbek gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
16:13 16.04.2024 6216
15-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşygynda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ileri tutulýan meselelerini maslahatlaşdy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Duşuşyk Daşkent şäherinde «Merkezi Aziýa – Aýlagdaky arap döwletleriniň hyzmatdaşlyk geňeşi» Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygynyň maksatnamasynyň çäklerinde geçirildi.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Özbegistanyň Prezidentine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamlaryny we iň oňat arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda dostlukly we hoşniýetli türkmen-özbek gatnaşyklarynyň, ikitaraplaýyn çuňňur strategiki hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegi ýaly wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Özara söwda dolanyşygynyň ösýändigi, şol bir wagtyň özünde hem senagat kooperasiýasy, energetika, ulag we logistika, oba hojalygy pudaklarynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň dowam etdirilýändigi aýratyn kanagatlanma bilen bellenildi.
Sebitara gatnaşyklar we medeni-ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlyk has-da giňeýär. Şu ýyl Özbegistanda türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny bellemek bilen baglanyşykly birnäçe çäreler geçiriler.
Öňde boljak ýokary derejeli duşuşyklara taýýarlyk görmegiň çäklerinde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze gün tertibiniň döredilmegine aýratyn üns berildi.
Şeýle hem sebit we halkara gün tertibiniň wajyp meseleleri boýunça pikir alyşmalar boldy.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.