Türkmen-amerikan geňeşmeleriniň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi malahatlaşyldy

14:38 15.04.2024 6537

https://www.oilgas.gov.tm/storage/posts/10496/original-1661cd98af3a09.jpg

14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda ýyllyk syýasy geňeşmeleriň nobatdaky tapgyry geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda türkmen-amerikan gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.

Gepleşikleriň barşynda türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, amerikan wekiliýetine ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň Günorta we Merkezi Aziýa boýunça kömekçisiniň orunbasary Jon Pommerşaým ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşykda taraplar sebit we ählumumy howpsuzlyk meselelerine garadylar. Syýasy meseleler bilen bir hatarda, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde söwda-ykdysady gatnaşyklar, ekologiýa, medeniýet, bilim we ynsanperwer meseleleri bellenildi.

Mundan başga-da duşuşyga gatnaşyjylar C5+1 formatyndaky köptaraplaýyn diplomatik meýdançany goldaýandyklaryny tassykladylar.

Gepleşikleriň dowamynda  taraplar ekologik meseleleri çözmegiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň esasy şertleriniň biri bolup durýandygyny bellediler. Agzalan ugurda amerikan tarapy Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulmagyny gutlady.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygynyň ýola goýulmagynyň gatnaşyklary berkitmekde we möhüm meseleleri çözmekde utgaşdyrylan çemeleşmeleri ösdürmäge mümkinçilik berjekdigi barada ylalaşdylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar ýyllyk syýasy geňeşmeleriň türkmen-amerikan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk hem berkitmegiň oňyn häsiýetli meýdançasy bolup durýandygyny  nygtadylar.

Başga makalalar
1623ac6f2df855.jpeg
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.


1623ac68ab8b42.jpeg
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi

Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.


1623abc2208928.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi

Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.


165042ccb01d4c.jpg
Ýaşlara nusgalyk ýörelge

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.


16712171747b2d.jpg
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler

Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.