Hökümet mejlisinde ýangyç-energetika toplumynyň 2024-nji ýylyň üç aýynyň netijelerine garaldy
03:57 09.04.2024 4988
6-njy aprelde Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda wise-premýerleriň hasabatlary diňlenildi we şu ýylyň birinji çärýeginde ýerine ýetirilen işleriň jemleri jemlenildi.
Mejlisiň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Amanow gözegçilik edýän ulgamlarynda 2024-nji ýylyň ýanwar — mart aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Şu ýylyň birinji çärýeginde “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebiti çykarmagyň meýilnamasy 102,1 göterim, benzin öndürmegiň meýilnamasy 101,1 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň meýilnamasy hem 100 göterim berjaý edildi. Suwuklandyrylan gazy öndürmegiň ösüş depgini 109,4 göterime deň boldy.
Nebiti gaýtadan işleýän zawodlar tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 102,1 göterim ýerine ýetirildi. Şeýle hem nebit we gaz kondensatyny, tebigy we ugurdaş gazy çykarmakda, mawy ýangyjy daşary ýurtlara ibermekde gazanylan tehniki ykdysady görkezijiler barada aýdyldy.
Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitiň, tebigy gazyň çykarylyşyny, eksport edilýän möçberini artdyrmak boýunça degişli işleri dowam etdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi. Önümçilik kuwwatlyklaryny netijeli ulanyp, nebiti gaýtadan işlemegiň, nebit önümlerini öndürmegiň meýilnamalaryny doly ýerine ýetirmek zerurdyr diýip, döwlet Baştutany belledi we wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.