Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon döwletara gatnaşyklaryna täze itergi bermegi ylalaşdylar
09:33 05.04.2024 6816
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow penşenbe güni Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen geçiren duşuşygynda dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi bermegi ylalaşdylar diýip, TDH habar berýär.
Ikiçäk görnüşde we resmi wekiliýetleriniň agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde ýokary derejedäki türkmen-täjik gepleşikleri geçirildi.
Iki ýurduň Liderleri döwrüň talaplary bilen baglylykda hem-de Türkmenistanyň we Täjigistanyň milli ykdysadyýetleriniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak bilen, döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny anyklaşdyryp, dürli ugurlarda döwletara gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi bermegiň möhümdigi baradaky pikiri aýtdylar.
Haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak maksady bilen, söwda gatnaşyklarynda taraplaryň mümkinçiliklerinden has doly peýdalanmagyň zerurdygyna aýratyn üns berildi. Şunuň bilen birlikde, söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň hem-de türkmen-täjik işewürler geňeşiniň işini işjeňleşdirmegiň zerurdygy bellenildi.
Energetika, ulag we kommunikasiýalar, senagat, oba hojalygy ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň esasy ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Gepleşikleriň dowamynda ekologiýa meselesine aýratyn üns berildi. Hususan-da, türkmen halkynyň Milli Lideri we Prezident Emomali Rahmon Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň işini mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň we kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýtdylar. Bu gazna esasy sebitleýin düzüm bolmak bilen, onuň işi Aral ýakasynda ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlygy üpjün etmäge gönükdirilendir.
Iki ýurduň halklarynyň arasyndaky özara dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň we Täjigistanyň bilim, ylym, medeniýet, saglygy goraýyş, bedenterbiýe we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklary tassyklanyldy.
Sebit we ählumumy gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän möhüm meseleleri hem jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynda häzirki döwrüň wehimleri we howplary bilen bagly möhüm meseleleri çözmek üçin mundan beýläkki gatnaşyklaryň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Türkmen-täjik gepleşikler tamamlanandan soň, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy geçirildi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.