Serdar Berdimuhamedow we “Türkmenistan-ABŞ” Işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysy hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşdylar
09:19 05.04.2024 4397
Türkmenistan ABŞ-nyň kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýar we işewürler geňeşiniň anyk tekliplerine garamaga taýýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow 4-nji aprelde “Türkmenistan — ABŞ” işewürler geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuart bilen geçiren duşuşygynda belledi diýip, TDH habar berýär.
Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan ösüş maksatnamalary hem-de özgertmeler, telekeçiler üçin döredilen amatly şertler nazara alnanda, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin täze mümkinçilikler bar. Şunda nebitgaz, elektroenergetika, gaýtadan dikeldilýän energetika, ulag-kommunikasiýa pudaklary, obasenagat toplumy, ýokary tehnologiýalar ulgamy geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň ykdysady mümkinçilikleriniň netijeli ulanylmagynda amerikan kompaniýalarynyň goşýan goşandyny belläp, “Boeing”, “General Electric”, “John Deere”, “Case New Holland” ýaly iri kompaniýalaryň Türkmenistanda köp ýyllaryň dowamynda möhüm taslamalary amala aşyrýandyklaryny aýtdy.
Şunuň bilen baglylykda, işewürlik geňeşiniň türkmen-amerikan söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ösdürmekdäki aýratyn orny bellenildi. Geňeş iki ýurduň ykdysady guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak, pugtalandyrmak we işjeňleşdirmek üçin netijeli gurala öwrüldi. ABŞ-nyň iri kompaniýalary türkmen bazarynyň strategik taýdan wajyp pudaklarynda üstünlikli işleýärler. Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanma bildirýän amerikan işewür toparlarynyň wekilleriniň sany barha artýar.
Işewür bildirilen ynam we many-mazmunly söhbetdeşlik üçin döwlet Baştutanyna çuňňur hoşallygyny beýan edip, ABŞ-nyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz orunlaryny pugtalandyrmaga we bilelikdäki täze taslamalaryň durmuşa geçirilmegine gatnaşmaga çalyşýandyklaryny ýene-de bir gezek tassyklady.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Aşgabatda hazarýaka döwletleriniň özara hyzmatdaşlygynyň meseleleri maslahatlaşyldy
11-13-nji sentýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejeli Iş toparynyň altynjy maslahatynda hazar boýunça gün tertibiniň esasy meseleleri, hususan-da, ylalaşygyň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.
Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistana iki günlük sapary başlanýar
2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji Konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrar.