Hytaý kompaniýasy Türkmenistana ýük ulaglarynyň tapgyryny iberdi
15:46 04.04.2024 8378
SANY hytaý kompaniýasy infrastrukturany goldamak üçin Türkmenistana 25 sany ýük ulaglaryny iberdi diýip, kompaniýanyň saýtynda habar berilýär. “SANY kompaniýasy mart aýynda Türkmenistana SYZ320C-8Y kysymly 25 sany ýük ulagyny üstünlikli getirendigini haabr bermäge şat” diýlip kompaniýanyň saýtynda habar berilýär.
Bellenilişi ýaly, “bu tapgyr Köýtendagda “Lebap” sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň işe girizilmegine laýyk gelýär. Ýylda bir million tonna sement öndürmäge niýetlenen Lebap sement zawody dünýäniň öňdebaryjy öndürijileriniň kämil, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalaryny ulanmaga borçlandyrylýar. Bu çemeleşme SANY kompaniýasynyň gurluşygyň durnukly we netijeli usullaryna ygrarlylygyna laýyk gelýär” diýlip habarda aýdylýar.
Öndürijiniň bellemegine görä, “SANY kompaniýasynyň SYZ320C-8Y ýük ulaglarynyň bu taslamada peýdalanylmagy gurluşyk we logistika operasiýalarynyň netijeliligini hem-de ygtybarlylygyny ýokarlandyrar. Bu ýük ulaglary uzakmöhletliligi we öndürijiligi bilen tapawutlanýar, bu bolsa olary Lebap sement zawodynyň zerurlyklary üçin ýerine düşen çözgüt edýär”.
“Türkmenistanyň infrastruktura we senagat taslamalaryny ilerletdigi saýyn SANY kompaniýasy bu başlangyçlary goldamagyny dowam eder. Biz Türkmenistan bilen gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk hem ösdürilmegine bil baglaýar. Bu tagallalar SANY kompaniýasynyň ýokary hilli tehnikalaryň we hyzmatlaryň kömegi bilen ägirt uly gurluşyk we ösüş taslamalaryny goldamak boýunça giň gerimli maksatnamasynyň bir bölegidir” – diýlip metbugat beýanynda aýdylýar.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.