Türkmenistanda Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar geçirildi
14:19 22.03.2024 7130
21-22-nji martda Türkmenistanda Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bellenilýär. Şu mynasybetli Türkmenistanyň ähli welaýatlarynda, şol sanda Arkadag şäherinde dabaralar geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow watandaşlarymyza Halkara Nowruz güni mynasybetli iberen Gutlagynda “Nowruz ynsanperwerligiň, agzybirligiň hem-de dost-doganlygyň baýramydyr. Türkmen halky gadymy döwürlerden bäri ony giňden bellemek bilen, şöhratly ata-babalarymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryny yzygiderli kämilleşdirip gelipdir. Galkynyşyň, gülleýşiň we täzelenişiň baýramy bolan Nowruz halklaryň arasynda hoşniýetli gatnaşyklaryň kemala gelmeginde aýratyn ähmiýetli bolupdyr” diýip belleýär.
Döwlet Baştutany “Gündogaryň meşhur akyldarlary Döwletmämmet Azadynyň, Magtymguly Pyragynyň, Nurmuhammet Andalybyň, Abu Reýhan Birunynyň, Omar Haýýamyň, Alyşir Nowaýynyň, Abdyrahman Jamynyň, Firdöwsiniň, Mahmyt Kaşgarlynyň we beýleki nusgawy şahyrlaryň eserlerinde Nowruz baýramynyň taryhy ähmiýeti çuňňur pähim-paýhas bilen beýan edilýär” diýip belleýär.
“Nowruz baýramy ynsan kalbynda ýagşy häsiýetleri we hoşniýetli duýgulary terbiýeleýär, tebigata, durmuşa, parahatçylyga söýgi döredýär. Ajaýyp bahar paslynda giňden bellenilýän bu baýram tebigatda täzelenişiň, durmuşda galkynyşyň nyşanyna öwrülipdir” diýlip Gutlagda bellenilýär.
Milli bahar baýramy mynasybetli esasy dabaralar, däp bolşy ýaly, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyryldy. Bu ýere Hökümet agzalary, Mejlisiň, Halk Maslahatynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylarydyr wekilleri, köp sanly myhmanlar ýygnandylar.
“Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dowam edýär. Ýaňlanýan aýdym-sazlar, joşgunly tanslar ruhuňy göterýär, şatlyk paýlaýar we ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Ýaşajyk artistler hem döredijilik ussatlyklaryny görkezýärler.
Nowruzyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de belent hiňňildiklerdir. Hiňňildikde uçmak ruhy taýdan arassalanmak dessury hasaplanýar we elbetde, ilkinji nobatda, ýaşlary özüne çekýär. Şeýle hem bu ýerde türkmen halkynyň özboluşly medeniýetiniň möhüm bölegi bolan milli tagamlaryň dürli görnüşleri görkezildi. Bugdaýdan taýýarlanylýan semeni Nowruz baýramynyň däp bolan tagamydyr.
Milli oýunlar baýramçylyk dabarasynyň şowhunyny has-da artdyrdy.
Baýramçylyga bagyşlanyp, bu ýerde Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Onuň dowamynda aýdym-sazlar, tans we halk döredijiligi eserleri, mähriban Watanymyzy, täze taryhy döwrümizi, gazanýan uly üstünliklerimizi wasp edýän çykyşlar ýerine ýetirildi.
Konsert tamamlansa-da, Ahal ýaýlasyndaky baýramçylyk, şeýle hem tutuş ýurdumyzda dabaralar dowam etdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.