Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy türkmen-russiýa hyzmatdaşlygyny berkitmekde Putiniň goşandyny belledi
13:37 19.03.2024 6557
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wladimir Putine Russiýa Federasiýasynyň Prezident saýlawlarynda ynamly gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Siz köp ýyllaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesinde ýadawsyz zähmet çekmek bilen, netijeli özgertmeleri yzygiderli amala aşyrýarsyňyz we ýurduňyzy ösüşiň täze sepgitlerine tarap alyp barýarsyňyz. Saýlawlaryň netijeleri Siziň alyp barýan köpugurly işiňize berlen ýokary baha bolup durýar hem-de Russiýanyň köpmilletli halky tarapyndan bildirilen uly ynamy görkezýär.
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk yzygiderli ösdürilýär we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde Siziň şahsy goşandyňyzy belläp geçmegi zerur hasaplaýaryn. Geljek ýyllarda hem türkmen-rus gatnaşyklarynyň özara ynanyşmak, hormat goýmak ruhunda mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna berk ynanýaryn” diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri hatynda belledi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Wladimir Putine tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.