Türkmenistanyň Prezidenti Wladimir Putini Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady
13:37 19.03.2024 4064
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Wladimir Putine saýlawlarda gazanan ýeňşi we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.
“Bu wezipä gaýtadan saýlanylmagyňyz Size bildirilen ýokary ynamyň hem-de ýurduňyzyň öňünde bitiren hyzmatlaryňyzyň görkezijisi bolup durýar” diýlip resmi metbugatda çap edilen gutlagda aýdylýar.
“Siziň baştutanlygyňyzda ýurduň ykdysadyýetiniň mundan beýläk-de gülläp ösjekdigine, Russiýanyň ähli halkynyň öňe gitjekdigine, abadançylygynyň üpjün ediljekdigine ynanýaryn. Siziň ukyp-başarnygyňyz we baý syýasy tejribäňiz Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge hyzmat eder” diýip, Serdar Berdimuhamedow belleýär.
“Biziň ýurtlarymyzyň örän giň ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygyny, ysnyşykly özara hereketlerini aýdyň görkezýän ikitaraplaýyn türkmen-rus gatnaşyklarynyň ýokary derejesini bellemek guwandyryjydyr.
Biz Türkmenistanda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge Siziň goşýan şahsy goşandyňyza ýokary baha berýäris we halklarymyzyň bähbidine ony mundan beýläk-de giňeltmek boýunça bilelikdäki netijeli işimizi dowam etdirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris” diýlip, hatda bellenilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine berk jan saglyk, abadançylyk, Russiýa Federasiýasynyň dostlukly halkynyň parahatçylygynyň, öňe gitmeginiň we gülläp ösmeginiň bähbidine ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
TNGIZT-niň we «Türkmenhimiýanyň» önümleri — birža söwdalarynyň öň hatarynda
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Türkmenistanda Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bellenildi
Türkmenistanlylar 21-22-nji martda Milli bahar baýramyny — Halkara Nowruz gününi ýokary ruhubelentlik, hoşniýetli umyt-arzuwlar hem-de şatlyk-şowhun bilen garşy aldylar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistany ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitledi
Şenbe güni, 19-njy martda Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň saýlanan Prezidentiniň wezipä girişmegi mynasybetli dabara geçirildi. Dabaranyň barşynda Serdar Berdimuhamedow kasam kabul etdi we döwlet Baştutany wezipesine girişdi.
Ýaşlara nusgalyk ýörelge
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe, diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly hoşallyk maslahaty geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetine bagyşlandy.
Lebap welaýatynyň gazçylary 9 aý boýunça “mawy ýangyjy” çykarmak meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler
Türkmenistanyň Lebap welaýat gaz çykaryş müdirliginiň hünärmenleri tebigy gazy çykarmak boýunça 2024-nji ýylyň dokuz aýy boýunça önümçilik meýilnamasyny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda bellenilen meýilnamadan 43 million kub metr artyk “mawy ýangyç” çykaryldy. Önümçilik meýilnamasy 7,52 milliard kub metre barabar boldy.